Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzy mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli resminamalar kabul edildi. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» hem şolaryň biridir.
Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýasy taýýarlanar
2026–2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu resminama ýurdumyzyň sanly özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biri bolar.
Türkmenistan bilen Tailand ýokary derejedäki saparlary işjeňleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar
Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Tailandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) Muhammetnyýaz Maşalow bilen Tailandyň Daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
Milli buýsanjymyz, halkymyzyň gymmatly mirasy, Döwlet tugramyzyň bezegi bolan ahalteke bedewi häzirki wagtda täze taryhy eýýamyň özgertmeler syýasatynyň netijesinde Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, döredijilikli ösüş kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ykjam telefonlar üçin goşundysy işe girizildi. Goşundy ulanyjylara gündelik täzelikler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň işi barada maglumatlar bilen tanyşmaga hem-de ýerli ulanyjylara konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlaýn nobata durmak mümkinçiligini hödürleýär.
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna yslam ymmatynyň hemişe uly şatlyk bilen garşy alýan mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Türkmenistanda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanylmaga beriljekdigini mälim etdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
Sizi Watanymyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin täze, belent sepgitler kesgitlenildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.