Habarlar
Habarlar
Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi we «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy sebitiň halklarynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönüden-göni hyzmat edýär
Aşgabat şäherinde Hytaý Kommunistik partiýasynyň (HKP) döredilmeginiň 105 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Çärä döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň gatnaşyjylarynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň çykyşy aýratyn gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr ýük daşamalary 15 göterim artdy
Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilen ýükleriň umumy möçberi 3,5 million tonnadan geçip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15 göterim ýokarlandy hem-de ýurduň çäginden 94 ýurda üstaşyr ýük daşaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy anna güni habar berdi.
Ýokary tizlikli aragatnaşyk hyzmatlary — döwrüň okgunly ösüşiniň nyşany
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, aragatnaşyk pudagynda hem belent sepgitlere ýetilýär.
Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynda uly ösüş gazanyldy
Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberlerinde 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda ýokary ösüş depginleri hasaba alyndy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden dünýäniň 94 döwleti peýdalandy. Şunda Türkmenistanyň çäginden geçirilen halkara üstaşyr ýükleriň umumy möçberi 3,5 million tonnadan geçip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15 göterim ýokarlanmagy görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowy kabul etdi.
Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti geçirildi
2026-njy ýylyň 2–3-nji iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniñ "Tersane İstanbul" toplumynda Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrligi tarapyndan guralan 5-nji Türkiýe Deňiz sammiti geçirildi. Sammit halkara deňiz ulaglaryny, port dolandyryşyny, logistika ulgamyny ösdürmek, sebitara ulag geçelgelerini kämilleşdirmek hem-de deňiz söwdasynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm halkara meýdança boldy.
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy
5-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy.
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
“Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmäge ýurdumyzda giňden taýýarlyk görülýär. Bu bäsleşigiň esasy maksady programma üpjünçiligini işläp düzýän, täzeçil innowasiýalar we oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiliki syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde dünýä ýurtlary bilen netijeli dialogy ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi. Bu bolsa syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.