Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler
22-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady.
Türkmenbaşy porty ýarym ýylda 4 mln tonnadan gowrak ýük geçirdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymýyllygynyň dowamynda 4 mln 209,5 müň tonna ýük geçirdi. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler
22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldi.
Türkmenistan-Özbegistan: Türkmenbaşy porty arkaly eksport-import amallaryny giňeltmek maslahatlaşyldy
Awazada 5–8 awgust aralygynda geçirilen BMG-niň Deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji konferensiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri Begenç Annadurdiýew we demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen duşuşyk geçirdiler.
TULM ilkinji gezek Türkiýe–Türkmenistan–Gyrgyzystan ugry boýunça otlusyny iberdi
“Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi“ (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda demir ýol daşamalarynyň operatory hökmünde Türkiýe – Türkmenistan – Gyrgyzystan ugry boýunça ilkinji konteýner otly gatnawyny gurady. Bu barada TULM habar berýär.
«Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk
22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna saparda boldy
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde, Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary jenap Çoriýew Jasurbek Ergaşewiç «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi.
«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň hünärmenleri hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar
Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini gurmak boýunça durmuşa geçirilýän taslamanyň çäginde «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Tehniki gözegçilik we barlaghana bölüminiň hünärmenleri I we II derejede dargamaýan usully hil barlaglary (NDT) boýunça şahadatnamalar aldylar.
2025-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Iýul aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen maslahatlar, duşuşyklardyr gepleşikler «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşýan Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.