Habarlar
Habarlar

Arkadag şäherinde YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler
Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler. Iri halkara çärä taýýarlyk görlüşi hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
21-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
21-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Parahatçylyk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerip
Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we halkara derejede deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy
19-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan telekommunikasiýalar pudagynda dünýä tejribesini ornaşdyrýar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň wakalary Watanymyzyň şanly ýyl ýazgysyna täze sahypa bolup ýazylýar. Bitaraplyk syýasaty ýurdumyza milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berdi.

Astanadaky II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmegi teklip etdiler
Astanada açylan II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmek pikiri teklip etdiler. Bu barada “KAZINFORM” habar berýär.

Türkmenistan we ABŞ migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri sişenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Braýan Gowarda Granjin bilen duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda, hususan-da, migrasiýa ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.