Habarlar
Habarlar
16a7568e65bb67.jpeg
3 aý ozal
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy uly ösüşler bilen dowam etdirilýär

Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen maslahatda ýylyň ilkinji ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilip, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýokary depginler bilen dowam edýändigi bellenildi.

16a755eab820b0.jpeg
3 aý ozal
Aşgabat ÝHHG we Şweýsariýa bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi.

16a756ad9b321e.webp
3 aý ozal
Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus peteklerini onlaýn satmak hyzmaty elýeterli boldy

Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasyndaky awtobus gatnawlary üçin petekleri onlaýn görnüşde satyn almak mümkinçiligi döredildi. Sanly hyzmat ýolagçylara syýahatyny öýden çykmazdan meýilleşdirmäge we petekleri birnäçe minutda resmileşdirmäge şert döredýär.

16a756217c763a.png
3 aý ozal
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň “Hazar Logistik” hojalyk jemgyýeti Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Söwda we maýa goýumlar palatasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirip, söwda-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk “Hazar Logistik” hojalyk jemgyýetiniň Aşgabatdaky edara binasynda geçirildi. Bu barada kompaniýa çarşenbe güni özüniň resmi sosial media sahypasynda habar berdi.

16a755b83a604f.jpeg
3 aý ozal
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna yzygiderli eýerýär. Bu parahatçylyk söýüjilikli strategiýa Ýer ýüzüniň ähli sebitlerindäki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

16a741cec413fc.jpeg
3 aý ozal
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow duşenbe güni Ýaponiýanyň Syýahatçylyk Agentlikleriniň Assosiasiýasynyň (JATA) täze saýlanan başlygy Ýuji Hara bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.

16a740d7f38913.jpeg
3 aý ozal
Türkmen wekiliýeti Yslamabatda geçirilen CAREC sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 29–30-njy iýulynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň (CAREC) sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy.

16a740c03e0a03.jpeg
3 aý ozal
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry

5-nji awgustda paý­tag­ty­myz­da­ky “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň hem-de BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ul­gam­la­ry­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li milli «te­ge­lek stol» mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

16a7189c4998d1.jpeg
3 aý ozal
Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk pudagynda durnukly ösüş hasaba alyndy

2-nji awgustda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi.

16a71874d68d52.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa toplumynyň görkezijileri 114 göterime ýetdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Wise-premýer Batyr Annaýew ulag-kommunikasiýa toplumynda ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114 göterime deň boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.