Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti BGG-niň Ýewropa sebitiniň Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Brýusselde ýerleşýän ştab-kwartirasynda guramanyň Ýewropa sebitiniň Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň web saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
Türkmenistanda bank we poçta hyzmatlarynyň integrasiýasy täze mümkinçilikleri açýar
Türkmenistanda bank we poçta hyzmatlarynyň integrasiýasy sanly infrastrukturanyň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup biler. Bu barada “Colvir Software Solutions” kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Denis Ýudiniň aýdanlaryna salgylanyp, Trend agentligi duşenbe güni habar berdi.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Merkezi Aziýa ýurtlary $30 millionlyk suw maksatnamasyny işe girizýärler
Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy ýagny, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan 30 million ABŞ dollary möçberindäki pul serişdesi bilen “Central Asia Water and Land Nexus” (CAWLN) atly sebit maksatnamasyny işe girizýärler. Maksatnamanyň resmi başlangyjy 30-njy maýdan 6-njy iýun aralygynda Samarkantda geçiriljek Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) 8-nji Assambleýasynda yglan ediler.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
17-nji aprelde geçirilen «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat maslahatyna Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara-kärhanalarynyň, şeýle hem, uzak ýyllaryň dowamynda tutanýerli zähmet çekýän ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň gelin-gyzlary hem-de ak saçly enelerimiz gatnaşdylar.
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
Çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistany irki döwürlerde hem «Ýedi ýoluň çatrygy» diýip atlandyrypdyrlar. Bu gün bolsa Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz sebitiň, tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin ulag ulgamynda öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar.
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we uzak möhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň görkezýän waka boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.