Habarlar
Habarlar
16a6984195a077.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi.

16a6830f64354a.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi

27-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. 

16a630b4faf444.jpeg
3 aý ozal
Türkmenbaşydaky awtoulag kärhanasy sürüjileri işe kabul edýär

Türkmenistanyň zähmet bazarynda täze iş mümkinçiligi döredildi. Türkmenbaşydaky awtoulag kärhanasy "Hyundai" kysymly awtobuslary dolandyrmak üçin sürüjileri işe kabul edýändigini habar berdi. Boş iş orunlaryna dalaşgärleri saýlamak işi häzirki wagtda dowam edýär.

16a6306493a6f9.png
3 aý ozal
«Türkmenpoçta» «ÇaparPay» programmasynda elektron awans depderçesini ornaşdyrdy

«Türkmenpoçta» «Elektron awans depderçesi» atly täze hyzmaty işe girizdi. Bu sanly balans «ÇaparPay» ykjam programmasy arkaly hyzmatlaryň tölegini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Täze çözgüt kagyz görnüşindäki awans depderçesiniň ornuny tutýar: indi ulanyjylar elektron hasabyny öňünden dolduryp, poçta we beýleki hyzmatlar üçin tölegleri birnäçe basyş bilen amala aşyryp bilerler. Hyzmatyň işe girizilmegi kärhananyň sanlylaşdyrmak syýasatynyň bir bölegi boldy.

16a68303330194.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

27-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

16a630a8a4873d.jpeg
3 aý ozal
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ» ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe kabul edýär

Türkmenistanyň zähmet bazarynda täze boş iş orunlary yglan edildi. Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük ulaglaryny dolandyrmaga ukyply tejribeli sürüjileri işe kabul edip başlady. Häzirki wagtda dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär.

16a63098527df3.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy suw hojalygyny sanlylaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýarlar

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Howa, energetika we daşky gurşaw ministrligi tarapyndan guralan Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Seula ýöriteleşdirilen edaraara sapary tamamlandy. Gepleşikleriň esasy temalary koreý sanly tehnologiýalaryny Türkmenistanyň suw hojalyk toplumyna ornaşdyrmak we sentýabr aýynda geçiriljek «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Sammitine taýýarlyk görmek meseleleri boldy.

16a66dc6ba6577.jpeg
3 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

16a6308d72d417.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Öwezgeldi Kakalyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji maslahatynyň çäginde geçirilen ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

16a630464294a2.png
3 aý ozal
Türkmen hususy kärhanalary “CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň energetika, akylly ulag we logistika hem-de möhüm minerallar ulgamlarynda işleýän hususy kompaniýalary 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabry – 1-nji oktýabry aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçiriljek "CAREC 2026" işewürlik forumyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.