Habarlar
Habarlar
16a6049c14b65e.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan bilen Azerbaýjan “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag taslamasyna başlady

Türkmenistan bilen Azerbaýjan halkara ýük daşamalarynda ulanylýan “e-TIR” elektron ulgamynyň ilkinji synag taslamasyny amala aşyrýar. Bu barada Azerbaýjanyň Halkara awtomobil ulaglary assosiasiýasynyň (ABADA) Baş sekretary Kenan Gurbanow habarçylar bilen söhbetdeşliginde aýtdy diýip, Trend agentligi habar berýär.

16a5ef1ec9ff4b.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

20-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

16a6b6a94cf074.jpeg
3 aý ozal
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.

16a604bfaccba1.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan we BMG: Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek boýunça täze ädimler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi.

16a5dac045a2c8.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Şanhaýda geçirilen emeli aň boýunça maslahatda çykyş etdi

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew 17–20-nji iýul aralygynda Şanhaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä emeli aň boýunça maslahatyň (WAIC 2026) çäklerinde ýurduň Emeli aň boýunça milli strategiýasyny işläp taýýarlamak ugrunda işjeň iş alyp barýandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu resminama innowasiýalary ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we ylmy-barlag işlerini ösdürmek üçin esasy binýat bolar.

16a5da5602ad16.png
3 aý ozal
Türkmenistan bilen Gruziýa demir ýol hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň we “Gruziýanyň demir ýoly” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary Tbiliside geçirilen duşuşykda demir ýol ulaglary we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdylar. Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäginde geçirildi. 

16a5da9177432e.jpeg
3 aý ozal
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň edara binasynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçy düzüminiň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň degişli düzümleriniň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmanyň we ösdürmegiň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

16a59c19e2edf2.jpeg
3 aý ozal
Tbiliside geçirilen türkmen-gruzin sergisinde demir ýol ulaglary hyzmatlary hem mynasyp sergilendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Tbilisi şäherindäki “Ekspo Georgia” sergiler merkezinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşdy we ol ýerde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördi.

16a59b43582899.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan Gara deňzinde ýük terminalyny döretmek boýunça gepleşikleri geçirýär

Türkmenistan Gara deňziň gruzin kenarynda öz ýük terminalyny döretmek boýunça gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Tbiliside geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi resmi metbugaty habar berýär.

16a59b33c5f1c1.jpeg
3 aý ozal
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri

Şu günler hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri geçirilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetiren bu medeni çäre iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny görkezýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.