Habarlar
Habarlar

Halkara uçarlaryň ählisi Aşgabatdan amala aşyrylar
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň amala aşyrýan halkara uçar gatnawlarynyň ählisi paýtagtymyzdan amala aşyrylar. Bu barada maglumaty awiakompaniýasynyň täze uçuş rejesinden görmek bolýar. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň täze rejesi 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap hereket edip başlady.

«Onlaýn taksi» we «Duralga» hyzmatlarynyň işe girizilmegine laýyk bir ýyl boldy

Türkmenistan bilen Günorta Koreýa gämi gurluşygynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakçy
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri 15-24-nji ýanwar aralygynda Günorta Koreýanyň Busan şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasynda gämi gurluşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe çärelere gatnaşdylar.

ÝOLAGÇY OTLULARYNA ELEKTRON BILETLERI ONLAÝN RESMILEŞDIRMEGIŇ TERTIBI TASSYKLANDY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda çykaran buýrugy esasynda Ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly (onlaýn) resmileşdirmegiň Tertibi tassyklandy.

Döredijilikli syýasat täze üstünlikleriň gözbaşydyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan toplumlaýyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi döwürlerdir nesilleriň dowamat-dowam bolýandygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Astrahanadaky logistika merkezini açmak üçin ýene bir möhüm ädim ädildi
Türkmen-rus işewür forumynyň netijesinde Astrahan sebitiniň portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ýeňilleşdirmek üçin birnäçe täsirli çäreler beýan edildi. Onuň çäklerinde Astrahan şäherinde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmek üçin hereketleriň meýilnamasy kabul edildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

«Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-niň mümkinçilikleri artdyrylar
Hökümetiň penşenbe güni Mary welaýatynda geçirilen göçme mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanyna «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

«Turkish Airlines» Türkmenbaşydan Stambula we yzyna gaýdyş ugurlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy
«Turkish Airlines» Türkmenbaşydan Stambula we yzyna gaýdyş gatnawlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy diýip, «Atavatan Türkmenistan» habar berýär. Petekler indi onlaýn satyn alnanda 351 dollar. Türkmenbaşydan (KRW) Stambula (IST) hepdede iki gezek — sişenbe we penşenbe günleri uçuşlar bar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.