Habarlar
Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistan ösüşleriň ýolunda
Häzirki wagtda ata Watanymyz özüniň ösüşiniň täze taryhy tapgyryny başdan geçirýär. Ýurdumyzda demokratik hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bilşimiz ýaly ýaňy ýakynda "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynyň 21-nji ýanwarynda biziň ýurdumyzda möhüm syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli waka bolup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi bolup geçdi.

Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!
Bagy-bossanlyk - tebigatyň ýaraşygy. Ozal hem bir dana kişi bagy-bossanlygyň goýnunda ýaşaýanlaryň kalplarynyň hem edil gözel tebigat ýaly owadandygyny aýdypdyr. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny berkitmek, mähriban Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, halkymyzyň ýokary durmuş derejesi üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler giň gerime eýe bolýar.

TÜRKMENIŇ DÖWLETLI ÝOLY ARKADAGLY SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR BILEN DOWAMAT-DOWAMDYR
Bu günki gün gözbaşyny gadymyýetiň köklerinden alyp gaýdýan eziz ata-Watanymyz asudalygyň, abadanlygyň, baky bagtyýarlygyň, synmaz erkinligiň, bolelin hem-de eşretli durmuşyň mekanyna öwrüldi. Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler gönüden-göni il-halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerde ýaşlarymyzyň saldamly goşantlarynyň bardygy has-da buýsançlydyr.

Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi
28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar.

Howpsuzlygymyzy üpjün edeliň!
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjin etmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläkde berkemegi üçin iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bagtyýar döwrüň abadan binadyr desgalarynyň ýangyn howpsuzlygy biziň her birimize baglydyr. Bu ugurda hemişe uly aladalar edilýär.

Domodedowo howa menzili «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherine uçuşlarynyň tertibini mälim etdi
Domodedowo halkara howa menzili resmi web sahypasynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherine uçuşlarynyň tertibini çap etdi. Uçuşlar 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda başlar.

Türkmenistanyň iň gadymy wagon abatlaýjy kärhanasy döwrebaplaşdyrylar
Türkmenistanyň iň gadymy wagon abatlaýyş zawody bolan Gyzylarbat şäheriniň demir ýol wagonlaryny abatlaýjy zawody döwrebaplaşdyrylar. Öz taryhyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýan bu zawod Türkmenistanyň taryhynda demir ýol tehnikalaryny abatlamaga ýöriteleşen ilkinji wagon abatlaýyş zawody hasaplanýar.

Türkmenistanly internet-ulanyjylar üçin ykjam programmalaryň sanawy
Aşakdaky sanawda getirilen ykjam programmalar Türkmenistanda internet ulanyjylar üçin ýörite işlenip düzülendir we köpdürli dükanlaryň, marketleriň, döwlet edaralarynyň hyzmatlaryndan baş çykarmaga, onlaýn bilim almaga hem-de peýdaly maglumat toplamaga ýardam etjek has zerur we meşhur bolan ykjam programmany saýlap almaga kömek eder.

«Uzawto motors» Türkmenistandan üstaşyr ýük ugratdy
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly «Uzawto motors» kompaniýasynyň (Özbegistan) ýüzden gowrak 40 futluk konteýnerlere ýerleşdirilen ýüklerini «Azermaş» (Azerbaýjan) kompaniýasyna ugratmagyny gurady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.