Habarlar
Habarlar
165c99cb82ba79.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr

Geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça beýan eden başlangyçlary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

165af453b1ed57.jpeg
2 ýyl ozal
2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda $1,094 milliarddan geçdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 2023-nji ýylda 1 milliard 94,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň şenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

165c99b859a473.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

165af4337cec26.jpeg
2 ýyl ozal
Arkadag şäherinde harytlar ekologiýa taýdan arassa «Jinma» elektrik ulaglary bilen eltip berilýär

Arkadag şäheri täjirçilik daşamalary üçin «Jinma» elektrik ulaglaryny ulanmak bilen, durnukly ulag ugrunda möhüm ädim ätdi. Gonkongyň «Run Horse» holdingi tarapyndan öndürilen bu sessiz we netijeli ulag serişdeleri häzirki wagtda köçelerde hereket edýär we daşky gurşawa kän bir täsirini ýetirmezden, ilata harytlary eltip berýär.

165c99a7493acd.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

165af3eb84258f.jpeg
2 ýyl ozal
«TMCELL» Türkmenistanyň ýokary tizlikli awtoýollaryny öýjükli aragatnaşyk bilen doly üpjün etdi

«Altyn Asyr» ÝGPJ-niň hünärmenleri Aşgabat — Mary — Türkmenabat hem-de Aşgabat — Balkanabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny öýjükli aragatnaşyk tory bilen dolulygyna üpjün etdiler. Bu barada «Turkmenportal» web saýtyna kompaniýanyň hünärmenleri habar berdiler.

165c90cb1042bd.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

165adf220d8681.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň “Elektron hökümet” ulgamyna X-Road arhitekturasyny ornaşdyrylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň milli elektron kommunikasiýa ulgamlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.

165c5a8d8a5d6e.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

165d0402a41a4e.png
2 ýyl ozal
Wakuum otlusy tizlik rekordyny goýdy

Wakuum otlulary taryhda öz ornuny XX asyryň başlaryndan alýar we ýene-de bir gezek dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Hytaý bu düşünjäni ösdürmekde esasy rol oýnaýar, gury ýer ulagynyň tizligini kesgitlän T-Flight prototipinde täsirli netijeleri ýüze çykardy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.