Habarlar
Habarlar
164cc886353d1b.jpeg
2 ýyl ozal
Awazada dynç alýanlar üçin Hazar deňzi boýunça gämili gezelençler guralýar

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty Hazar deňziniň kenary boýunça täze gämili gezelenç ugrunyň açylandygyny yglan etdi.

164cc875d0aea8.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenhowaýollary” Aşgabada gatnawlarynyň sanyny artdyrdy

Paýtagtymyzdaky ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine giriş synaglaryny tabşyrmak maksady bilen Aşgabada gelýän dalaşgärleriň sanynyň köp bolmagy bilen baglylykda, “Türkmenhowaýollary” welaýatlardan paýtagtymyza goşmaça howa gatnawlaryny gurar.

164c9f3ed396a4.jpeg
2 ýyl ozal
"Balkanda" nobatdaky gämä abatlaýyş işleri geçirildi

“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda milli flotumyzyň nobatdaky gämisine abatlaýyş işleri geçirilip taýýar edildi. “Atamyrat Nyýazow” diýlip atlandyrylýan bu tanker ýakyn günlerde ulanyşa goýberiler.

164c9dd18330f8.jpeg
2 ýyl ozal
Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabat şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

31-nji iýulda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýež şäherinde ýerleşýän Belgiýanyň ýük awiakompaniýasy «Challenge Airlines»-niň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirdi. Bu barada ilçihananyň sosial sahypalarynda habar berildi. Kompaniýa Ýewropada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada ýük daşamakda ýöriteleşendir.

164c9dc0067f67.jpeg
2 ýyl ozal
Özbegistan, Türkmenistan we Eýran halkara ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär

Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň Hökümetleriniň arasynda halkara ulag geçelgesini guramak baradaky şertnama gol çekilmegini çaltlaşdyrmak meseleleri öwrenilýär.

164c9daf03fef7.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi. Russiýa uçuşlar Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB) ugurlarynda amala aşyrylar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

164c8941f8cb08.jpeg
2 ýyl ozal
1-nji awgustdan «Älem TV» teleýaýlym bukjalarynyň bahasy arzanladylar

«Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasynyň «Älem TV» emeli hemra telewideniýe operatory 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, ýetirilýän teleýaýlymlaryň bukjalarynyň bahasynyň arzanladylýandygyny habar berýär.

164c891154ac80.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi

2023-nji ýylyň 2-nji awgustyndan başlap, Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlaryndaky «Türkmenistan» awiakompaniýalarynyň häzirki uçuş tertibi belli boldy.

164c88d863ebfc.jpeg
2 ýyl ozal
Aşgabat — Arçman — Aşgabat awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi

«Arçman» şypahanasynda dynç alýanlar üçin has-da oňaýly şertleri döretmek maksady bilen Aşgabat — Arçman — Aşgabat gündelik awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi.

164c73e9a0a2bb.jpeg
2 ýyl ozal
Arkadag şäheriniň sanly ekoulgamyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «akylly» Arkadag şäheriniň sanly ekoulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bagyşlanan ylmy we amaly maslahat geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.