Habarlar
Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy.

Türkiýeden Özbegistana barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
40 wagondan ybarat ýük otlusy Türkiýäniň, Eýranyň we Türkmenistanyň çäginden geçip, Özbegistana geldi diýip, Özbegistanyň Milli habarlar gullugy habar berýär. Habarda wagonlara hojalyk enjamlarynyň (sowadyjy enjamlar) ýüklenendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
8-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele girizildi.

«S7 Airlines» Türkmenbaşy şäherine uçuş wagtynda türkmen raýatlary üçin PCR test synaglaryny ýatyrdy
Russiýanyň «S7 Airlines» awikompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçuşlary boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin PCR test synagynyň zerurlygyny aradan aýyrdy. Bu baradaky degişli bölüm awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda täzelendi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik işi bilen Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowany Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistan halkara gatnawlarynda Konteýner otlulary hakynda ylalaşyga goşular
Türkmenistan halkara gatnawlarynda konteýnerli otlularyň düzüminde konteýnerleri daşamak hakynda ylalaşyga goşulmagy maksat edinýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Türkmenistana gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi.

Rus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşar
Türkmenistan we Russiýa demir ýol düzümlerini ösdürmegiň üstünde işleýärler, rus kompaniýalarynyň bolsa türkmen demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy üçin uly mümkinçiligi bar diýip, anna güni RF-niň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow TASS-yň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.

RŽD Gazagystandan we Türkmenistandan geçýän konteýner daşamalaryna 20% arzanladyş girizer
Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça yzygiderli konteýner otlylarynyň sanynyň aýda 17-ä çenli köpeldilmegine garaşylýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.