Habarlar
Habarlar
16555987542494.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda Aziýa — Ýuwaş umman sebiti — Ýewropa ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar

15-nji noýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa” (“CASCA+”) halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi öz işine başlady.

165544da603a2d.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan ýükleriň üstaşyr geçişini 40% tizleşdirdi we onuň göwrümini 80% ýokarlandyrmaga taýýar

Bütindünýä durnukly ulag gününiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentligi ýurtduň çäginden ýükleriň üstaşyr geçişiniň wagtynyň azalýandygyny habar berdi. Multimodal logistikanyň döredilmegi we demir ýol gatnawynyň gowulaşmagy netijesinde ýükleri bir serhetden beýlekisine eltmegiň tizligi 40% ýokarlandy.

165544c58e3f68.jpeg
2 ýyl ozal
Üstaşyr geçelgelere eýe bolan ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabada gelerler

Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde şu aýda ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag gününi bellär. BMG-niň Baş Assambleýasy 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji ählumumy maslahatyň geçirilen gününi bu halkara günüň bellenýän senesi hökmünde yglan etdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu güni döretmek hakyndaky Karar 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň 70-nji umumy mejlisinde kabul edildi.

165530aa68669c.jpeg
2 ýyl ozal
“Nokia” Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär

Finlýandiýanyň “Nokia” kompaniýasy Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär. Bu barada penşenbe güni Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara sergisiniň çäklerinde kompaniýanyň wekili Iwa Lewinskiý “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen bolan söhbetdeşliginde mälim etdi.

16552fe831ee85.jpeg
2 ýyl ozal
Daşary ýurtly işewürler Türkmenistanyň ulag-logistika ugurlaryna gyzyklanma bildirdiler

Çarşenbe güni Daşkent şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň 5-nji işewürlik forumyna gatnaşan Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Pakistanyň işewür toparlary Türkmenistanyň ulag-logistika ugurlaryna gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

16552fb15f06f5.jpeg
2 ýyl ozal
Günorta Koreýanyň logistika kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny açmak isleýär

Günorta Koreýanyň «Rovigos Inc.» logistika kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny döretmek işleýär. Bu barada «Trend.az» habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, satuw we çykdajylary yzarlamak üçin emeli intellekt tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan belli logistika platformasy bolan «Rovigos» Merkezi Aziýanyň, esasanam Türkmenistanyň bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardyr.

16552f9693d8b1.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan üstaşyr ýük gatnawyny 40 göterim artdyrdy

Türkmenistan milli demir ýol arkaly harytlaryň öz çäginden üstaşyr geçiş wagtynyň ep-esli azalandygyny mälim etdi. Bu barada «Trend.az» habar berdi.

16552f7d007e20.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda çagalaryň ösüşine gözegçilik etmek üçin elektron ulgam döredildi

Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleri üçin Çaganyň ösüşine gözegçilik etmek boýunça täzelenen elektron Gollanmanyň (CMDM) ulanylyşy bilen tanyşdyrmak üçin okuw-treningleri geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

16551bc2443bf6.jpeg
2 ýyl ozal
"Türkmenhowaýollary" agentliginde hyzmatlaryň ösüş depgini 209,2% boldy

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 209,2 göterime barabar boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim edilýär. 

16551bb2a630db.jpeg
2 ýyl ozal
“TM-CELL” ulanyjylara wirtual telefon belgileri hödürledi

Türkmen paýtagtynda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ulanyjylara täze hyzmaty – wirtual telefon belgileri hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.