Habarlar
Habarlar
165f3566f8b760.jpeg
8 aý ozal
Bag ekmek — ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär.

165f3580628957.jpeg
8 aý ozal
Ata Watanymyz bagy-bossanlyga beslenýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kabul eden Karary esasynda, 16-njy martda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle-de «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýän çärede saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň müňlerçe düýbi ekiler.

165f95bdef2b55.jpeg
8 aý ozal
Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry ulanylmaga berildi

13-nji martda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän ýyllyk kuwwaty 1 million tonna bolan sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan bu zawodyň açylyş dabarasy aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

165f95c6e3b7c3.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş çärelerine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň gündogar sebitine iş saparyny amala aşyryp, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.

165f95d26d09bb.png
8 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.

165f95dd44dd67.png
8 aý ozal
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna GDA-dan 194 synçy gatnaşar

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna GDA-dan 194 synçy gatnaşýar. Bu barada synçylar toparynyň başlygy Ilhom Nematow RF-niň Prezidentiniň saýlawlarynda bu ýurduň «Nowyýe lýudi» («Täze adamlar») partiýasyndan dalaşgär Wladislaw Dawankow bilen duşuşykda habar berdi.

165fa6f7739ce6.jpeg
8 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyndan ugur alnyp, geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, okuw maslahatlary, sergiler, medeni çäreler hem-de beýleki wakalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmegi ugur edinýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

166031ead88a8b.jpeg
7 aý ozal
Махтумкули Фраги — великий поэт и провидец

Жизнь и творчество гения туркменской словесности и национальной общественной мысли Махтумкули Фраги приходятся на один из наиболее сложных периодов в истории нашего народа. К сожалению, она не сохранила многих достоверных сведений о жизни поэта.

165bbf08f678b9.jpeg
9 aý ozal
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bilim ulgamynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylynda ýurdumyzyň her bir güni uly ösüşlere, özgerişliklere beslenýär.  Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, dostlukly Ýaponiýa bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

165f20960d51af.png
8 aý ozal
MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA «MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ PARAHATÇYLYK TAGLYMATY» ATLY ONLAÝN TEST BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

6-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyjylaryň hem-de Türkmenistanyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Magtymgulynyň hoşniýetli goňşuçylyk baradaky şygyrlaryna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşigi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.