Habarlar
Habarlar

“Ýüpek ýoly-2023” rallisiniň geçiriljek senesi mälim edildi
2023-nji ýylda “Ýüpek ýoly” rallisiniň birinji tapgyry Kazan şäherinden başlap, Moskwada tamamlanýar. Bu barada taslamanyň ýolbaşçysy Wladimir Çagin habar berdi. Ol ralliniň geçjek ugry barada belläp geçdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
19-njy noýarbda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryş-hukuknamalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

«Hakyda göwheri» - milli buýsanjyň gözbaşy
Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar.

Türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgda geçiriljek TRANSTEC halkara sergisine gatnaşar
2022-nji ýylyň 29-njy noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Sankt-Peterburgda "Halkara ulag geçelgeleri ulgamynda logistika hereketiniň tehnologiýalary" atly XVII Halkara sergi-forumy TRANSTEC geçiriler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy
19-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

«Hakyda göwheri» - döwletimiziň beýik taryhyna syýahat
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň baplarynyň atlaryny okanyňda-da, bölümleri bilen tanyş bolanyňda-da, özüňe uly syýahatyň garaşýandygyna göz ýetirýärsiň.
Halkara medeni hyzmatdaşlyk ösüş ýolunda
Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen dürli çäreler medeni-ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary berkitmegiň kepili bolup hyzmat edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň çäginde türkmen hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde ýurdumyzdaky ýadygärlikleriň arasyndan käbir täsin desgalar saýlanyp alyndy.
DIL SUNGATY - KÄMILLIK ÝOLY
Dil öwrenmek ylym-bilim durmuşynda gaty derwaýys hasaplanýar. Bir dil öwrenmek ol dildäki ähli maglumatlaryň gapysynyň saňa açylmagy diýmekdir. “Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam”, “Dil bilen dünýäni gezer” diýen ýaly parasatly jümleler ýöne ýere aýdylan däldir.
Täze şäheriň gözellik keşbi
Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygy Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gös-göni gözegçiliginde, ýokary depginlerde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan ― Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde bu ýerlerden gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahasynyň geçenligi nygtalýar. Bu taryhy ýoluň häzirki zaman talaplary esasynda gatýtadan dikledilýän döwründe täze şäheriň gurluşygy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Aşgabat — Serhetabat otly gatnawy gaýtadan dikeldildi
Bu barada «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berildi. Saýtda ýolagçy otlularynyň täze gatnaw tertibi çap edildi. Şoňa laýyklykda, Aşgabat — Serhetabat we Serhetabat — Aşgabat aralygyna otly gatnawy günaşa amala aşyrylar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.