Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy hem-de atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Russiýada emeli aň bilen utgaşdyrylýan ýük akymlarynyň paýy 10 göterime çenli artar
«Üznüksiz ýük logistikasy» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Russiýada 2030-njy ýyla çenli 5 milliard transport resminamasy elektron görnüşinde resmileşdiriler. Bu maksat «2030-njy ýyla çenli ulag pudagyny sanlylaşdyrmak bilen özgertmek strategiýasy» bilen kesgitlenýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.
Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesini ösdürer
Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan «Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada «nCa» web saýty habar berdi.
Abu-Dabiniň howa menzilinde özbaşdak bellige durup hem-de goşuňy tabşyryp bolýan täze terminal işe girizildi
1-nji noýabrda Abu-Dabiniň (BAE) halkara howa menzilinde ozalkydan üç esse uly bolan täze terminal açyldy. Ýüzüň biometriýasy boýunça özbaşdak bellige durmak hem-de goňuňy tabşyrmak üçin ýörite bölümleriň bolmagy bu terminalyň aýratynlygydyr. Indi ýolagçylar bu amallary has çalt geçerler.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapar bilen ugrady.
«Türkmenhowaýollary» gyş paslynda 7 ýurda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar
1-nji noýabrdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy 7 ýurda — Russiýa Federasiýasyna, Türkiýä, Hytaýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine hem-de Hindistana ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň gyşky gatnawlarynyň täzelenen tertibinde mälim edildi.
"Täjigistan - Ýewropa" halkara ulag geçelgesi giňeldilip bilner
Gruziýanyň paýtagtynda geçen "Ýüpek ýoly" 4-nji Halkara Tbilisi forumynda "Dünýäniň çatrygy" taslamasyny durmuşa geçirmek başlangyjy öňe sürüldi. Bu taslama bir mahal Demirgazyk Kawkazyň üstünden geçen Ýüpek ýoluny bu sebitiň günorta sebitini öz içine alyp, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Eýranyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmegi maksat edinýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
1-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we gurluşygy alnyp barylýan metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Halkara deňiz söwda gatnaşygy pugtalandyrylar
Azerbaýjanda iş alyp barýan «Albayrak Holding» türk kompaniýalar topary Baku halkara deňiz söwda portundan harytlary has çalt eltip bermek üçin Hazaryň beýleki ýurtlaryna maýa goýar. Bu barada «Report.az» kompaniýa salgylanyp habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.