Habarlar
Habarlar
Taýland deňiz logistikasyny ösdürmek boýunça täze milli kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär
Taýlandyň Transport ministrligi konteýner daşamak bilen meşgullanjak täze milli ýük daşaýan kompaniýany döretmegi meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kabul edişlikleri
1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministrini, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrini, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini, Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrini, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi.
Dünýäde iň gowy howa menzili yglan edildi
Britaniýanyň Nýukasldaky howa menzili 5 million ýolagçy gatnawly menzilleriň toparynda dünýäde iň gowy diýlip yglan edildi diýip, «LADBible» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Oňa baýrak Türkiýede geçen howa gatnawlarynyň bütindünýä koferensiýasynda gowşuryldy.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny uzaltdy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji noýabrda güýje giren we täzelenen meýilnamasyna laýyklykda Russiýanyň paýtagtyna uçuşlaryň togtadylmagyny uzaltdy. Bu barada awiakompaniýa resmi turkmenistanairlines.tm web sahypasynda habar berdi.
Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag aragatnaşyklary boýunça maýa goýum forumy Brýusselde geçiriler
Ýewropa Komissiýasy 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde döwlet we hususy pudagyň wekillerini, yklymyň iki sebitiniň – Ýewropa we Merkezi Aziýa – arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak isleýän maýadarlary birleşdirjek maýa goýum forumyna taýýarlyk görýär.
Ulag pudagy – türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri diýlip atlandyryldy
Hormatly Prezidentimiz türk hyzmatdaşlaryna bilelikdäki ulag we logistika merkezini döretmegi teklip etdi. Döwlet baştutany bu barada Ankarada geçirilen türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyşynda aýdyp geçdi.
Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň bilelikdäki demir ýollary kärhanasy döredildi
Gazagystan Demir ýollarynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gazagystan, Azerbaýjan we Gruziýa demir ýollarynyň wekilleri özara deňlik ýörelgelerinde bilelikdäki kärhanany döretmek barada şertnama baglaşdylar. Bu resminama gol çekişlik Tbiliside ýerleşýän Ýüpek ýoly forumynyň çäginde geçirildi.
Türkmen wekiliýeti Tbiliside Ýüpek ýoly forumynyň çäklerinde duşuşyklary geçirdiler
Tbilisi şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň Hökümetiniň agzalary we Ýüpek ýoly forumyna gatnaşmak üçin gelen Rumyniýanyň ulag edarasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu barada Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
“Demirýollary” AGPJ demirýol halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti demir ýolda ýöreýän teleskopik ýaýly demirýol krany satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-033 belgili açyk halkara tender yglan edýär
«Turkish Airlines» Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrdy
«Turkish Airlines» türk awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan Stambul — Aşgabat — Stambul ugurlarynda uçuşlaryň ýygylygyny hepdede 9 gezege çenli artdyrdy. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda çap edilen täzelenen uçuş tertibinde mälim edilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.