Habarlar
Habarlar
«EcoPorts» Güwänamasy alynmagy mynasybetli hoşallyk maslahat geçirildi
Ýakynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň edara binasynyň ýygnaklar zalynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligininiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunynyň şeýle hem «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Merkezi Aziýanyň deňiz merjeni ýaşyl portuň uludyr geljegi» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Asylly başlangyçlar ýurdumyzyň rowaçlygynyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýadydyr
16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
“Sinotrans” Hytaý bilen Gazagystany birikdirýän täze TIR ugruny işe girizdi
Hytaýyň iň uly integrirlenen logistika kompaniýasy bolan “Sinotrans” Hytaýyň Şenžen şäherini Gazagystanyň Almaty şäheri bilen birikdirýän we uzynlygy 5200 kilometre deň bolan TIR ugruny işe girizdi. Bu ugur serhet üstaşyr amallaryny ýönekeýleşdirmegi, çykdajylary we üstaşyr geçmegiň wagtyny azaltmagy maksat edinýär. Bu barada Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) çarşenbe güni habar berdi.
Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty uly göwrümli ýüki kabul etdi
Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty iri göwrümli karýer enjamynyň ikisini kabul etdi – diýip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Gurban baýramyny bellemek hakynda
«Armenian Airlines» Ýerewan bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýdy
«Armenian Airlines» Ýerewan bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýdy
Türkmenistan Daşkentde halkara awiasiýa konferensiýasyna gatnaşmaga çagyryldy
13-nji iýunda Daşkentde «Asia Connect: Aviation Strategy» atly halkara awiasiýa konferensiýasy geçirildi. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň, şeýle hem halkara uçar öndürýän we lizing kompaniýalarynyň, maliýe guramalarynyň wekilleri çagyryldy diýip, «UzDaily.uz» habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi.
Jahankeşdeler uçarlardan otla geçmäge taýýar
Soňky ýylda ekologik jahankeşdelik boýunça internetde sowal bilen ýüzlenýänleriň sany 36 göterime çenli artdy diýip, «Habar 24» ýazýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatyna iş sapary
14-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, obasenagat toplumynyň düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilişi hem-de galla oragynyň depginleri bilen tanyşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.