Habarlar
Habarlar
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi boýunça petekleriň satuwyna başlady
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023/2024-nji ýylyň güýz-gyş uçuş tertibi üçin awiapetekleriň satuwynyň 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan güýje girjekdigini we 2024-nji ýylyň 30-njy martyna çenli dowam etjekdigini habar berýär.
Maksatly menzillere rowana
Her bir şanly senäni sowgatly garşylamak halkymyzda ajaýyp däp hasaplanylýar. Döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde biziň zähmet çekýän «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigimiziň düzümi hem ýylyň-ýylyna täze ulaglar bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şu ýylyň mart aýynda-da welaýatymyza jemi 85 sany «Toýota Corolla» we «Hundaý Elantra» kysymly, ähli amatlylyklary bolan ýeňil taksi awtoulaglary gelip gowuşdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işini dowam edýär
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyda çarşenbe güni Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergä gatnaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergä gatnaşýar.
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan üstünlikleriň sergisine gatnaşýar
Şu günler Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan iri möçberli ykdysady üstünlikleriň sergisi geçirilýär. Gözden geçirilişe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryna wekilçilik edýän köp sanly hususy we döwlet kärhanalary hem-de guramalar gatnaşýar. Gatnaşyjylaryň hatarynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň düzümine girýän «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ hem bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory iş saparlaryny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşdy
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Nýu-Ýorkda ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisindäki çykyşynyň barşynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХV maslahatyny çagyrmak hakynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň KARARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy giňden bellenilip geçiljek 2024-nji ýylda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzy türkmeniň döwletli däplerini dowam etdirip, bir supranyň başynda jemlenip, döwletimiziň Bitaraplyk syýasatyny, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dünýä ýaýmak hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, karar edýärin:
«Türkmenpoçta» ugradylýan ýükleriň öz wagtynda barmagyny we abatlygyny kepillendirýär
Aşgabadyň demir ýol menzilinde ýerleşýän «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýük bölümi müşderilerine tutuş Türkmenistan boýunça dürli ululykdaky we agramly ýükleri ibermek hem-de kabul etmek hyzmatlaryny hödürleýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.