Habarlar
Habarlar

Ýolumyz abat – ilimiz abat
Aýdym sazlar belentden ýaňlanýan, asudalyk höküm sürýän Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy ýokary guramaçylykly geçirmek däbe öwrüldi.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ hünärmenleri işe çagyrýar
Gämi gurulmagy meýilleşdirilýänligi sebäpli iş tejribesi bolan hünärmenleri we inženerleri işe çagyrýarys (degişli sertifikatly hünärmenlere garaşylýar):

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

NAZARÝET BILEN TEJRIBE UTGAŞANDA
Mälim bolşy ýaly, şu günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Watanymyzyň ähli künjeklerinde geljek 2023-nji ýylyň galla hasyly üçin bagtyýar halkymyzyň rysgal berekedi bolan bugdaý ekişi gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu işlere güneşli Diýarymyzyň oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleri, mehanizatorlary edermen babadaýhanlar bilen birlikde Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) 2022-nji ýyl üçin Doly ygtyýarly maslahatynyň (PP-22) açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji
Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini gutlady
28-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy.

Türkmenistan we Owganystan demir ýol pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Gepleşikleriň dowamynda türkmen ilçisi taraplaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge umyt bildirdi.

DOSTLUK HEM HYZMATDAŞLYK ROWAÇLANÝAR
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň oktýabr aýynyň 13-14-i örän buýsandryjy wakalara beslendi. Şol gün Arkadagly Serdarymyzyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Onuň çäklerinde Astanada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Türkmenistanyň bäş gümrük nokadyna sanly ulgam ornaşdyryldy
Türkmenistanda Halkara gümrük üstaşyr ulgamy boýunça daşalýan harytlar barada gümrük edaralaryna deslapky maglumatlary bermek üçin, TIR-EPD programmasy işe girizildi. Bu barada Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) habar berýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.