Habarlar
Habarlar
1665d460b3f33e.jpeg
3 aý ozal
Ulaglar arkaly türkmen-gazak söwda dolanyşygy 100 million dollardan geçdi

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada düýn Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.

1665970086cb44.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanyň wekiliýeti Astrahanda suw ulaglary boýunça guralan konferensiýada çykyş etdi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekiliýeti Astrahan sebitinde Hazar ylym-bilim kongresiniň çäginde guralan «Suw ulaglarynyň meselelerini çözmegiň häzirki zaman çözgütleri» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy.

166596e6cdc66f.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistan CASCA+ ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyga gatnaşdy

28-29-njy maý günleri Daşkent şäherinde CASCA+ ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň hem-de Türkiýäniň demir ýol gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

166595a8859162.jpeg
3 aý ozal
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ tomusky gatnawlaryny artdyrýar

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýandygyny göz öňünde tutup, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 1-den raýatlarymyzyň rahat dynç almak we syýahat...

16659674886e63.jpeg
3 aý ozal
Saýlawlara taýýarlygyň möhüm tapgyry

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär.

166580d44b0c41.jpeg
3 aý ozal
Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «e.gov.tm» portalynda

Ozal habar berşimiz ýaly, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-njy iýundan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar. Şu ugurlar boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Döwlet hyzmalary portalynda (e.gov.tm) onlaýn satuwa çykaryldy. 

166596c86a04fb.jpeg
3 aý ozal
«Turkish Airlines» gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylaryna gatnaw çalyşmasy bolan uçuşlarda howa menzilinde garaşýan wagtlarynyň belli bir çäkden geçen ýagdaýynda, myhmanhanada tölegsiz bolmak we naharlanmak, şeýle hem Stambul şäherine gezelenç etmek mümkinçiliklerini hödürleýär.

16658068d15390.jpeg
3 aý ozal
Türkmenistanda kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasy işlenip taýýarlanylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

1665803451a52c.png
3 aý ozal
Hytaýda «Apple-iň» taryhdaky iň uly arzanladyşlardan soň «iPhone» smartfonlarynyň satuwy artdy

«Apple» üçin iň möhüm bazarlaryň biri hasaplanýan Hytaýda kompaniýa tarapyndan smartfonlaryň we beýleki önümleriň bahalary arzanladylandan soň «iPhone» smartfonlarynyň satuwy 52% artdy.

1665812e31735a.jpeg
3 aý ozal
«Awtomobil ulаg hyzmaty» kompaniýasy sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil ulаg hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryny sürüji wezipesine işe alynýandygyny yglan edýär. Dalaşgärlerden edilýän esasy talaplar «B,C,D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň we awtoulag sürmek tejribesiniň bolmagydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.