Habarlar
Habarlar
“Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi” awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar
“Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi” awtomobil ýolunyň “Türkmenbaşy-Garabogaz” böleginde umumy uzynlygy 207 kilometr bolan, şeýle-de “Garabogaz-Gazagystan serhedi” böleginde umumy uzynlygy 43,6 kilometr bolan täze, döwrebap awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Awaza – halkara dialogyň merkezi: Türkmenistan 2026-njy ýylyň sammitlerine taýýarlanýar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary kesgitlenildi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iri halkara forumlaryny geçirmek boýunça meýilnamalara garaldy.
Türkmenistanda 2026-njy ýylda “Menzil” ýük gämisi ulanmaga berler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Türkmenbaşy şäherinde geçirilen “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda Koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerli hünärmenler tarapyndan şu ýylyň dowamynda ýük gämileriniň ýene biriniň — “Menzil” ýük gämisiniň ulanmaga beriljekdigini aýtdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistan gruzin portlarynyň golaýynda ammar infrastrukturasyny döretmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwiliniň arasynda penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň gruzin portlarynyň golaýynda ammar we logistika infrastrukturasyny döretmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Bu barada Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti “Gadamly” gury ýük gämisiniň ilkinji gatnawyna badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyndan täze “Gadamly” gury ýük gämisi dabaraly ýagdaýda ilkinji gatnawyna ugradyldy. Bu barada “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti anna güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dag etekleriniň ähli ajaýyplygyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Häzirki wagtda toplumda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginde dowam edýär. Onuň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar öz oňyn netijesini berýär.
Türkmenabat halkara howa menzili bäsleşikleri yglan edýär
Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Türkmenabat halkara howa menziliniň Kerki halkara howa menziline degişli bolan “Power Guard” rentgentelewizion, stasionar we el demir anyklaýyjy enjamlarynyň toplumyna tehniki hyzmat etmek, olary hemişe ulanmaga taýyn ýagdaýda saklamaga, olara ygtyýarly hünärmenler tarapyndan wagty-wagtynda tehniki-profilaktiki hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça kotirowka görnüşde bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.