Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
Sizi Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynda geçirilýän «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergiler, işewürlik maslahatlary Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä giňden tanatmaga, häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga ýardam edýär.
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
Syýasy durnuklylyk, ýurduň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ajaýyp netijeleridir.
Türkmenistan bilen Belarus ýükleri awtoulagda daşamak boýunça rugsatnamalaryň kwotasyny ylalaşdy
Türkmenistan bilen Belarus Respublikasy 2027-nji ýylda halkara awtoulag arkaly ýük daşamalaryny ýerine ýetirmek üçin rugsatnamalary alyş-çalyş etmek boýunça kwotany ylalaşdy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hindistan we Merkezi Aziýa ýurtlary söwda ugurlaryny giňeltmegi maslahatlaşdylar
Hindistan we Merkezi Aziýa ýurtlary — Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan “Hindistan–Merkezi Aziýa” gaznasy tarapyndan guralan “Hindistan – Merkezi Aziýa: köpugurly dünýäde özara baglanyşyk, howpsuzlyk we durnukly hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň dowamynda söwda ugurlaryny giňeltmegi hem-de ulag arabaglanyşygyny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Dunyo” agentligi anna güni habar berdi.
Türkmenistan we ABŞ maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde baýramçylyk çäresi geçirildi
Ýurdumyzyň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy senelere beslenýär. Gülden görkli, asylly türkmen gelin-gyzlary bolsa, owadan ülkämizde geçýän toý-baýramlaryny bezeýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.