Habarlar
Habarlar
16984256852c10.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan YHG-nyň Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisinde täze Kararnamanyň taslamasyny hödürledi

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 31-nji ýanwary–2-nji fewraly aralygynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis 2026-njy ýylyň 11–12-nji aprelinde Bagdat şäherinde geçiriljek daşary işler ministrleriniň geňeşiniň öňüsyrasyndaky üçünji we iň möhüm taýýarlyk tapgyry bolup durýar.

16982e205397a9.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistanda bäş sany gämi gurmak meýilleşdirilýär

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýakyn wagtda 2 sany Ro-Ro görnüşli parom gämilerini, 3 sany gury ýük gämilerini gurmaklyk meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy anna güni habar berdi.

16982d9cf8a6e1.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda £102 milliona deň boldy

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2025-nji ýylyň sentýabr aýy aralygynda 102 million funt sterlinge barabar boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň işewürlik we söwda departamenti habar berýär.

16982e51af3af9.jpeg
4 aý ozal
Ulag ulgamynyň döwrebap ösüşi – halkyň abadançylygynyň möhüm binýadydyr

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary hem-de döwlet derejesinde alnyp barylýan toplumlaýyn syýasat netijesinde ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagy häzirki zaman talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär. Döwletimiziň awtoulag düzümi dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň öndürýän döwrebap, ygtybarly we ekologiýa taýdan arassa awtoulaglary bilen baýlaşdyrylýar.

16982e0146d65c.jpeg
4 aý ozal
Aşgabatda “Sanly Sowat” bilim merkeziniň ikinji şahamçasy açyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde “Sanly Sowat” bilim merkeziniň ikinji şahamçasy öz işine başlady. Bu bilim merkezi çagalar, ýetginjekler we ulular üçin häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hem-de işjeň ösýän bilim giňişligi hökmünde tanalýar.

1698420362efa9.jpeg
4 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde boldy

4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.

16982d86f4dfa8.jpeg
4 aý ozal
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Saglygy goraýyş we sport

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenen geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezen wakalar hem-de ähli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli ugurlarda ýetilen sepgitler bilen taryha girdi.

16982e2eaec5f7.jpeg
4 aý ozal
Türkmenistan Dubaýdaky sammitde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk gurallaryny beýan etdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3–5-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar.

1698182702536e.jpeg
4 aý ozal
Özbegistan we Türkiýe Türkmenistandan, Eýrandan üstaşyr konteýner otlularyny ýola goýarlar

Özbegistan bilen Türkiýe Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe ugry boýunça yzygiderli konteýner otlularyny ýola goýmak barada ylalaşdy. Bu ylalaşyk Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň başlyklyk etmeginde Ankarada geçirilen Ýokary derejedäki strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň dördünji mejlisiniň dowamynda gazanyldy.

169841f4723fab.jpeg
4 aý ozal
2026-njy ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň geçiren köp sanly çärelerinde öz beýanyny tapdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.