Habarlar
Habarlar
Gahryman Arkadagymyz: – «Arkadag» topary bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparynyň arasyndaky duşuşyk halkymyz üçin uly baýramçylyga öwrüler
AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň çäklerinde 11-nji fewralda Türkmenistanyň «Arkadag» hem-de Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparlarynyň arasynda geçiriljek oýun halkymyz üçin hakyky baýramçylyk bolar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu duşuşygyň geçiriljek ýeri bolan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baran mahalynda aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
Geçen hepde milli däplerimize berk ygrarly bolan Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň ynamly amala aşyrylýandygyny tassyklaýan wakalara baý boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol ýaryşyna taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagy innowasion ösüş ýolunda
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamymyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Döwletimiz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, häzirki döwürde ýokary tehnologiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistan Tähranda “Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk” ugry boýunça YHG-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Geçen hepde Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Agzalan mejlisiň dowamynda «2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda» göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek boýunça meselä garaldy.
Türkmenistan emeli aň tehnologiýalary üçin milli ülňüleri işläp taýýarlamagy başlaýar
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew ýakynda geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.