Habarlar
Habarlar
Bag ekmek - sogaply iş
Pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tebigat ýaşyl lybasa beslenýär, türkmen Diýary, türkmen topragy has-da gözel görke gelýär. Tebigatyň bu gözelliginiň täsiri, lezzeti başga. Şonda ene topragy gülzarlyga öwürmäge höwesiň, topragy keramat saýylýan Watanyňa söýgiň has-da artýar. Ýaz paslynyň ýetip gelmegi bilen tebigatyň täzeden direlişiniň pasly hökmünde bu döwürde bag nahallaryny oturtmagyň möwsümi hem başlanýar.
Näme üçin paýhas ( akyl) dişleri gerek we olary aýyrmak zerurmy?
Paýhas dişleri uzak geçmişde ata-babalarymyzdan miras galan gurluşlaryñ bir görnüşidir. Ata-babalarymyzyňkydan has giň eňekleri bardy we iýmit üwemek üçin has köp diş gerekdi. Soňky müňýyllygyň dowamynda eňegiň görnüşi üýtgedi we dişlere az ýer goýdy. Bu käwagt paýhas dişleriniň eýelerine köp oňaýsyzlyklary döredýär. Diýmek, paýhas dişleri hakykatdanam peýdalymy?
Aç garna iýilmeli däl 10 iýmit
Bu iýmitler irden boş aşgazanda iýilse, aşgazan içege kynçylyklaryny döredip biler. Ertirlik üçin başga bir önüm saýlamak has gowudyr.
GARAŞSYZLYK – BILIM ÖZGERTMELERINIŇ BINÝADY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary ahlak sypatly, watansöýüji, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, bazar hojalygynyň we demokratik döwletiň talaplaryna laýyk gelýän ýaş nesilleri kemala getirmek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzda ileri tutulýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
BEREKEDIŇ ÇEŞMESI
Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Suw serişdelerini dolandyrmaga, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, täze pudaklaýyn desgalary, suwaryş ulgamlaryny gurmaga toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr.
Nepis sungatyň sarpasy
Ösüşlere barýan eziz Diýarymyzda milli medeniýetimize, sungatymyza, şeýle hem ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan bize miras galan milliliklerimize aýratyn uly sarpa goýulýar. Şeýle gymmatlyklarymyzyň biri hem göreniňde synyň oturýan türkmen milli halylarydyr. Haly halkymyzyň kalbynyň guwanjy, buýsanjy. Türkmen halylaryny gören her bir adam oňa haýran galyjylyk bilen syn edýär. Halyda halkymyzyň milliligi, buýsançly geçen ýoly şöhlelenýär.
Ruhy tämizligiň baýramy
On iki aýyň soltany hasaplanylýan mukaddes Remezan aýy haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan aýdyr. Bu aýda pederlerimiziň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, haýyr-sogap işler, ýagşy dilegler edilýär, alkyşlar aýdylýar.
EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär.
Zenan kalbyndan dörän sungat
Adamzadyň köp asyrlyk taryhynyň köklerini, edebi-ruhy gymmatlyklaryny, asyrlaryň jümmüşinden sünnälenip çykan iň nepis sungat eserlerini özünde jemleýän baý milli mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy ruhy binýatlarynyň biri bolup durýar. Gadymy ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklary bu günki gün biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyryp, ruhumyzy galkyndyrýar.
Nepis sungatyň sarpasy
Haly ene-mamalarymyzyň nesillerimize miras goýan senedidir, milli mirasydyr. Şeýle-de haly bedew atymyz, alabaý itimiz ýaly halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biridir. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň diýseň nepis dokan halylaryny gören, synlan her bir adam oňa haýran galyp, bu inçe sungaty döredenlere sagbolsun aýdýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.