Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik okuwlaryna çagyrýar
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny sürüjilik şahadatnamalarynyň ähli derejeleri boýunça sürüjilik okuwlaryny geçmäge çagyrýar.
Türkmenbaşy — Gazagystan aralygynda awtomobil ýoly gurlar
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi» täze, döwrebap awtomobil ýolunyň we onuň ugrundaky desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 20-nji martyndaky sanynda habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Билеты на самолёт в Туркменистане теперь можно купить онлайн через портал госуслуг
Портал Государственных услуг запустил продажу авиабилетов «Туркменских авиалиний» на внутренние рейсы, говорится в его сообщении. На сайте госуслуг Туркменистана и мобильном приложении EGOVTM теперь можно купить билет на самолёт онлайн, чтобы не стоять в очереди в кассу. В приложениях для iOS и Android билеты есть уже сейчас.
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hyzmatlaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýän gepleşikler
Ýakynda "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri bilen «KPMG Tax and Advisory LLC» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň wekilleri kompaniýanyň alyp barýan işleri, esasy ugurlary we halkara derejesindäki tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Турция нарастила импорт судового топлива из Туркменистана
За январь 2023 года Турция импортировала из Туркменистана 12 896 тонн судового топлива, передает Trend со ссылкой на Управление по регулированию энергетического рынка Турции (EPDK).
Milli bahar baýramy mynasybetli ählihalk dabaralary
21-nji martda Türkmenistan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.
Türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $59,6 milliona deň boldy
Özbegistanyň Türkmenistan bilen ulaglar arkaly daşary söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 59,6 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.
РЖД планирует открыть представительство в Туркменистане
Холдинг «Российские железные дороги» (РЖД) планирует открыть представительство в столице Туркменистана Ашхабаде. Об этом сообщается в Telegram-канале российской компании.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.