Habarlar
Habarlar
3 ýyl ozal
HALKARA BITARAPLYK GÜNI — PARAHATÇYLYGYŇ SENASY

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnamany kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji ýeketäk döwlet ata Watanymyz Türkmenistandyr.

3 ýyl ozal
KERWENSARAÝLY ÝOLLAR

Uç-gyraksyz sähra ýollary... Goja zeminiň damary deýin ol ýollarda gör näçe geň-enaýy wakalar bar. Ynsan ol ýollara rowana bolup, tapanyny berýär, gazananyny äkelýär. Heňňamlarydyr gerdişler dönse-de, uzak-uzak ýollarda ynsan hereketi togtamaýar. Şonuň üçin-de “Ýol – herekete dahyl” diýilýär. Biziň kyssamyz şol uç-gyraksyz ýollardaky kerwensaraýlar, söwda, dost-doganlyk gatnaşyklary hakynda.

3 ýyl ozal
Dostluk ýollary dünýä uzaýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz  öz ösüşiniň täze basgançagyna gadam basdy. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde ylymda, bilimde, sportda şonuň ýaly-da daşary syýasatda beýik işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz dünýäniň halklary bilen dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar.

3 ýyl ozal
SANLY ULAG ULGAMY ROWAÇLY ÝOLLARDA

Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köpşahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

1617c470f8265f.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi açylyp ulanylmaga berildi

29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy.

1617b8650eb9d0.jpeg
3 ýyl ozal
Paýtagtymyzda täze awtobus ugurlary ýola goýuldy

«Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapynadan raýatlara edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen täze 85, 86, 87, 88-nji awtobus ugurlary işe girizildi. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

1617c472d455dd.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan ulag diplomatiýasy üstaşyr ýollarynyň kuwwatyny artdyrýar

Türkmen  halky üçin ýol,köpri gurmak  gadymy döwürden bäri sogaply iş hasaplanyp gelipdir. Halkymyzyň keramatly saýan zatlarynyň biri – ýol. Uzak ýola düşene ýa-da bir maksada berlip, haýyr işi ýüregine düwene ak ýol arzuw edilýär. Ýol – ulus-iliň ýöreýän ýeri. Il ýörän ýol mukaddesdir.

1617b87a92b644.jpeg
3 ýyl ozal
Taksi hyzmatynyň gerimi barha giňeýär

Awtoulag hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin hyzmat edýän jemgyýetçilik ulaglaryna, ýagny taksi ulaglaryna sargyt etmegiň täze görnüşi ýola goýuldy.

1617b8b07bf420.jpeg
3 ýyl ozal
Täze şäherara we üstaşyr ýük gatnawlary ýola goýlar

Bu barada hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi. Hususan-da, hasabatda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanmaga berilmegi bilen bagly meýilleşdirilýän ulag gatnawlary barada giňişleýin durup geçildi.

161799936cd08d.png
3 ýyl ozal
TÜRKMENISTAN DÜNÝÄNIŇ LOGISTIKA ULGAMYNA SAZLAŞYKLY GOŞULÝAR

Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag-üstaşyr ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek hem-de olary ösdürmek babatdaky başlangyçlary bilen döredilen, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň halkara söwdanyň logistikasyndaky ähmiýeti barha ýokarlanýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.