Habarlar
Habarlar
1640ac21547c9f.jpeg
3 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollary» mart aýynda Londona, Pekine, Delä we Almata uçup başlarlar – uçuşlaryň rejenamasy we biletleriň nyrhlary

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 26-njy martdan Aşgabatdan Londona, Pekine, Delä we Almata ýolagçy uçuşlaryny amala aşyryp başlaýandygyna milli howa gatnadyjysynyň saýtyndaky täzelenen rejenamasy şaýatlyk edýär.

1640abc5fb3da4.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenhowaýollary 9 şähere halkara uçuşlaryny gaýtadan dikeldýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Bangkoka (Tailand), Minskä (Belorussiýa), Delä (Hindistan), Almata (Gazagystan), Sankt-Peterburga (Russiýa), Ankara (Türkiýe), Pariže (Fransiýa), Seula (Koreýa Respublikasy) we Tokio (Ýaponiýa) şu ýylyň mart-aprel aýlarynda göni uçuşlara gaýtadan başlar.

1640ab7d655ee9.jpeg
3 ýyl ozal
Kataryň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy bilen duşuşdy

Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi şu gün Aşgabatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Sabyrow bilen duşuşdy. Bu barada Kataryň ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

16409722da25a1.jpeg
3 ýyl ozal
Mart aýynyň ahyrynda Aşgabatdan Delä howa gatnawlary gaýtadan ýola goýlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekler awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.

16409735b65051.png
3 ýyl ozal
Türkmenistan «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara foruma gatnaşar

Şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara maslahat geçiriler. Onda Wolga-Hazar ulag we logistika ekosistemasynyň we Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, «AstrahanFM» habar berýär.

164098096a2d82.jpeg
3 ýyl ozal
UNECE-niň ulag pudagyndaky maslahaty Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistan ulaglarda tebigy gazyň ulanylyşyny giňeltmek arkaly UNECE-e agza döwletleriň ulag pudagyny uglerodsyzlaşdyrmak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça taslama girýär.

164096eb5dd780.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky howa gatnawy gaýtadan ýola goýlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 28-nji martyndan Aşgabat — Almaty — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekler awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.

1640977573c893.jpeg
3 ýyl ozal
Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşuryldy

6-njy martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edara binasynyň mejlisler zalynda Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan agentligiň gelin-gyzlaryna dabaraly ýagdaýda pul sowgatlary gowşuryldy. Oňa pudagyň ýolbaşçysy we hünärmenleri gatnaşdylar.

1640579dcc4fcd.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmen-gyrgyz wekilleri ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin wiza düzgünlerini kadalaşdyrmagy maslahatlaşdylar

Türkmen-gyrgyz wekilleri ýük daşaýjylary üçin amatly şertleri döretmek hem-de awtoulaglaryň sürüjileri üçin wiza düzgünlerini kadalaşdyrmak boýunça konsullyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy çarşenbe güni habar berdi.

16405757502818.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Eýran e-TIR elektron ulgamyny ulanmak boýunça teklipleri maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 28-nji fewralda türkmen-eýran serhedindäki Howdan-Bajgyran barlag nokatlarynda geçirilen duşuşykda e-TIR elektron ulgamyny ulanmak boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.