Habarlar
Habarlar
“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-030 belgili açyk halkara tender yglan edýär:
"AŞTU" ÝGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
"Aşgabat şäher telefon ulgamy" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti aşakdaky lotlar boýunça tender yglan edýär
Aşgabatda gümrükçiler bilen intellektual eýeçiligiň obýektleri babatynda okuw geçirildi
«Schmitt&Orlov Intellectual Property» kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri üçin intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň üpjün edilmeginiň tejribesi babatynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw geçirildi.
Türkmenistana ilkinji «Airbus A330-200 P2F» ýük uçary getirildi
«Airbus» Türkmenistana ilkinji «Airbus A330-200 P2F» ýük uçaryny iberdi. Uçar 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda fransuz kompaniýasy «Airbus S.A.S» bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda getirildi.
«Hoş geldiň Diýara, Nowruzym!» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi
18-nji martda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde, «Hoş geldiň Diýara, Nowruzym!» atly aýdym-sazly dabaraly çäresi geçirildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzda şatlyk-şowhunly bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Halkara Nowruz güni mynasybetli täze awtobus ugry ýola goýuldy
Hormatly ýolagçylar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmakda uly işleri durmuşa geçirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşiniň nyşany hökmünde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen Arkadag şäheriniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy.
CASCA+ MULTIMODAL ULAG TASLAMASY ARKALY GERMANIÝA ÝÜK DAŞALÝAR
CASCA+ halkara multimodal ulag taslamasy Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça halkara ýükleriň daşalyşyny işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda bu taslamany durmuşa geçirip, Aziýa bilen Ýewropany özara baglanyşdyrýan halkara ulag ugruny döretmäge tagallalar edilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Katara ugrady
19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine ugrady.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.