SANLY ÖZGERTMELERIŇ ÄHMIÝETI

27-10-21

Häzirki döwürde Türkmenistanda ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň tejribelerini ornaşdyrmak, düýpli ylmy esaslara daýanýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda inžener, tehnolog hem-de ylmy işgärleriň täze neslini kemala getirmek, ýaşlary ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamlaryna çekmek, jemgyýetiň ylym-bilim kuwwatyny ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bakalawrlary hem-de magistrleri taýýarlaýan bilim beriş ulgamyny ýola goýdular.

Bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler bu ugurdaky halkara gatnaşyklary ulgamyna ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik döredýär. Bilim ulgamynyň ýokary bilim basgançagynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda anyk üstünlikler gazanylýar. Dürli daşary ýurtlaryň wekilleri bilen geçirilýän onlaýyn gepleşiklerde we duşuşyklarda, seminarlarda bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy barada yzygiderli pikir alyşylýar. Düýpli öwrenilen dünýä tejribesiniň we ýurdumyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň netijesinde bilim ulgamy jemgyýetçilik talaplaryna laýyk getirilýär  hem-de barha döwrebaplaşdyrylýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.

Häzirki zaman bilim ulgamyny ösen tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şeýlelikde, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň tehniki serişdeleri bilen üpjünçilik ýagdaýyna uly üns berilýär. Şeýle tehnologiýalar iş ýüzünde mugallymlaryň, talyplaryň hem-de okuwçylaryň mümkinçiliklerini artdyrýar. bu babatda döwlet tarapyndan hem degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary we orta mekdeplerini täze kompýuterler bilen üpjün etmek, olary internet toruna berkitmek bilen bagly işler ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasatynyň esasyny düzýär. Şol işleri amala aşyrmak üçin dünýäniň atly-abraýly kompaniýalaryň önümleri saýlanylyp alynýar. Şeýle-de, kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilmäge başlamagy hem aýratyn bellemäge mynasypdyr.

Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutmlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Arslan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.