Habarlar
Habarlar
Aşgabat - Gökdepe ýolunyň ugrunda täze awtomobil köprüleri gurlar
Anna güni geçen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek, häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglere laýyk gelýän sil-suw akabasyny hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak boýunça teklipleri Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hytaý kompaniýasy Türkmenistana ýük awtomobilleriniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär
“Shacman” hytaý kompaniýasynyň halkara aragatnaşyklar bölüminiň wekili Fu Şihu Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory bilen kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk barada giňişleýin durup geçdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy
25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
GDA ýurtlary energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk resminamalaryny taýýarlaýarlar
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady meseleler boýunça topary golaýda Moskwada nobatdaky mejlisi geçirmek üçin ýygnandylar.
Netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda bilelikdäki tagallalar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň kepili
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Dünýäniň konteýner bazary ösýär
Deňiz üsti bilen konteýnerleri daşamakda nyrhlaryň peselendigine garamazdan, dünýä konteýner bazaryna bolan islegiň mukdary ýokary bolmagynda galýar. Awgust aýy üçin neşir edilen “CTS” maglumatlaryna görä, dünýä konteýner bazarynyň görkezijisi geçen ýyllardaky çäklendirmeleriň bolmagyna garamazdan, islegiň ýokary derejede saklanýandygy görkezýär.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmenpoçta» Türkmenabatdaky şahamçasynyň üsti bilen ýükleri ibermek hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna Türkmenabat şäherindäki demir ýol menziliniň çäginde hususy ýük bölüminiň bardygyny habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.