Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Wengriýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
8-nji iýunda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy.
Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasy gowşuryldy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri (ÝHHG) Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasyny gowşurdylar.
2023-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyna eýerip, Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Eýran-Oman-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesi işe başlaýar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Pars aýlagy meseleleri boýunça baş müdiri Alireza Enaýati Omanyň soltany Haýtam bin Tarik Al Saidiň ýakynda Tährana eden saparynyň dowamynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy meseleleriniň esasy ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar bolandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
6-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gatnaşdylar.
Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda toplumlaýyn ulag resminamasy taýýarlanýar
Ulag gatnaşyklary meselesinde Türkmenistan bilen Eýranyň umumy gyzyklanmalary bar we her gije-gündizde 600 wagonyň Sarahs we Inçeburun serhet geçelgelerinden geçýändigini nazara almak bilen, ulaglaryň köpelmegine garaşylýar. Bu meseleler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaş bilen geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Halkara awtomenzil – Awaza» ugry boýunça şäherara awtobus gatnawy ýola goýulýar
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2023-nji ýylyň 11-nji iýunyndan başlap, «Halkara awtomenzil – Awaza» ugry boýunça şäherara awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygyny habar berýär.
Türkmenistan özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ykdysady ösüşi we durmuş abadançylygyny üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.