Habarlar
Habarlar
“Türkmentelekom” INTERNET HYZMATLARYNY HAS-DA ELÝETER etdi
Milli aragatnaşyk pudagymyzyň häzirki döwürde ýeten derejeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň netijesinde internet ulgamynyň ösdürilmegi, dürli hyzmatlaryň elýeter edilmegi ugrunda işler yzygiderli alnyp barylýar.
“AŞTU” INTERNET NYRHNAMALARYNY ARZANLATDY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlary, döwrebap, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň köpugurly esasda ösdürilmegi, kämil enjamlaryň we täze işläp taýýarlamalaryň ulanylmagy ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele we radio gatnaşyklarynyň, öýjükli ulgamyň köpugurly şahasynyň üstünlikli hereket etmegini şertlendirýär.
«Türkmenhowaýollary» ýük gatnawlaryny ýola goýýar
Halkara gatnaşyklarynyň täze tapgyrlara çykyp, sebit ähmiýetli işleriň hasyl edilýän häzirki döwründe Türkmenistan döwletimiziň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hem täze netijeleri berýär. Munda häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda demir ýol hem awtoulaglar arkaly ýük gatnawlaryny amala aşyrylan bolsa häzirki wagtda howa ulaglary arkaly hem ýükleri kabul etmek hem-de ugratmak işleri ýola goýulýar.
Awtoulaglar pudagynyň düzümi kämilleşer
Ulag ulgamynyň ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýan iň bir işjeň pudaklarynyň biri bolan awtoulaglar pudagy milli Liderimiziň başlangyçlary bilen täze talaplara eýe bolup, döwrebap usullar arkaly ýolagçylara hyzmat edýär.
GARAŞSYZLYK — GANATYM, hemiŞelik BITARAPLYK — PÄK BAGTYM
Şanly Garaşsyzlygymyzyň nurana baýdagynyň astynda, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Çekilýän döredijilikli zähmetiň netijesinde ata Watanymyz jenneti mekana öwrülip, mähriban topragymyz gülläp ösýän künjege öwrülýär. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýetilen sepgitlere buýsanyp, täze ösüşlere sary ynamly gadam goýýar.
Zähmeti kämilleşdirmek maksady bilen
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşdirilişi depginli alnyp barylýar. Munuň bilen baglylykda bu ugruň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň hem, olaryň işleriniň häzirki zaman şertlerine laýyklykda ýola goýulmagy hem giň gerime eýe bolýar.
ÝURDUMYZda INNOWASION LOGISTIKA pudagy KEMALA GELÝÄR
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny innowasiýa taýdan has-da ösdürmäge, dünýä derejelerine ýetirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurdaky gatnaşyklary sazlaşykly ösdürmek bilen bagly meseleler «Döwlet ylmy — tehniki syýasaty hakynda», «Inowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
ULAG ULGAMYNDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYK barha ilerleýär
Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň dünýäniň aragatnaşyk giňişliginde möhüm baglanyşyk ulgamyna öwrülmegi üçin ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, iri göwrümli taslamalaryň başyny başladyk» diýen parasatly sözleri bu günki gün biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi.
Iri taslamalaryň metbugat brifingI
Ýakynda möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň — Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, «Akina — Andhoý» beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýoluň, şeýle hem iki ugur — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlanyp, giň göwrümli metbugat brifingi geçirildi.
demir ýol ulgamynda ösüşli gatnaşyklaryň TÄZE SAHYPASY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletimizde sebit we yklym ulag-üstaşyr ulgamy döretmek boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň ulag-logistiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, häzirki zaman demir ýol köprülerini, ulag-logistiki babatda wajyp desgalary gurmak boýunça taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.