Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.
Eýran we Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr söwdany artdyrmagy meýilleşdirýär
Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk (ICCIMA) edarasynyň başlygy Golam-Huseýin Şafeý Özbegistana Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ulag meselesini çözmegi teklip etdi.
Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen 1 million tonna ýük daşamagy meýilleşdirýär
«Russiýanyň demir ýollary» (RŽD) şu ýyl «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen 1 million tonna ýük daşamagy meýilleşdirýär. Muny «Russiýanyň demir ýollarynyň» baş direktory Oleg Belozerow Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda (SPIEF- 2023) mälim etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleni kabul etdi.
Zähmet gaýnap joşýar
Bu gün daýhanlaryň alyn derini, uçursyz köp zähmetini siňdiren gallaly atyzlaryny synlamaga göz, wasp etmäge söz gerek. Hawa, ynsanyň gollarynyň gudraty, yhlasy bilen ene toprak berekede beslendi. Altyn güýzde umyt-arzuwa beslenip, topraga atylan däneler müňledi. Indi uly iliň soltany bolan ak ekiniň dok däneli başlary atyzlara özboluşly gelşik berip, göreniň gözlerini dokundyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmen-latwiýa ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet 2023-nji ýylyň 12-16-njy iýunynda Türkmen-Latwiýa Ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşmak üçin Latwiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen işler dowam etdiriler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolan düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär.
Ýewropada gijeki otlular işläp başlady
Ýewropada ýene-de gijeki otlular işläp başlady. Olar öň hereket etmek üçin amatly serişdedi. Emma arzan awiagatnawlardyr arzan benzin olary bazardan gysyp çykardy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.