Habarlar
Habarlar

ÝAŞ NESLIŇ KÄMILLIGI TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly uly üstünliklere beslenýär. Bu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bütin dünýäde uludan bellenilýär. Halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar.

Gazagystandan Türkiýä ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ilkinji ýük otlusy anna güni Türkmenistandan geçip, şenbe güni Eýranyň Tähran stansiýasyna bardy.

Ýurdumyzyň ulag-logistika hyzmatynyň gerimi giňeýär
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ýurdumuzyň ulag toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini goşmaça artyrmaga ýardam bermek hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan bir ýa-da birnäçe görnüş ulaglar arkaly ýük alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär.

Galla oragy - 2022
Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen, 4-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary, 10-njy iýunda bolsa Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler.

Ýaşlar bilen aýdyň geljegimizi gurýarys
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ýöredýän «Açyk gapylar» syýasaty bütin dünýäde uly goldawa eýe bolup, döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary netijeli ýola goýmaga mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem bu syýasatyň alnyp barylmagy, ýagny ýurdumyzyň bilim edaralarynda «Açyk gapylar» gününiň geçirilmegi ýaşlary sowat öwrenmäge we bilim almaga höweslendirmek maksadyna gönükdirilendir.

MILLI YKDYSADYÝETIMIZ KÄMILLIGIŇ ÝOLUNDA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ynamly ösüş ýoluny dowam etdirýär. Döwletimizde birnäçe il-ýurt bähbitli maksatnamalar kabul edilýär we olaryň kanunçylyk binýady barha berkidilýär.

Türkmenistandan Russiýa iýun aýyndaky soňky ýörite howa gatnawy mälim edildi
21-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 24-nji iýunda boljak ýörite howa gatnawy barada habar berdi. Bu bildiriş Russiýa Federasiýasynyň Konsullyk bölüminiň Telegram-kanalynda ýerleşdirildi.

TALYPLAR ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINE BAŞLADYLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimdir ylyma giň ýol açdy. Häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda hormatly Prezidentimiziň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Şolaryň oňyn çözülmegi üçin institutymyzda uly aladalar edilýär. Professor-mugallymlarymyz enjamlaşdyrylan okuw otaglarymyzda, tejribehanalarymyzda okatmagyň oňaýly usullaryndan peýdalanyp, umumy, amaly, söhbet we tejribe okuwlaryny guraýarlar.

Sanly bilim – kämilligiň gözbaşy
Biziň türkmen Diýarymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Ynha, bu gün hem ýene bir biziň üçin ýatdan çykmajak şanly seneleriň birine şaýat bolup durus. Ýagny biziň 129-njy orta mekdebimizde “Açyk gapylar güni” giňden dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bu ylmy-döredijilik çärämiz “Ýaşlar bilen aýdyň geljegimizi gurýarys” diýen tema bilen esaslandyrylýar.

Ilkinji Gazagystan-Türkiýe ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ilkinji ýük otlusy anna güni Türkmenistandan geçip, şenbe güni Eýranyň Tähran stansiýasyna bardy. Bu barada “Tehran Times” habar berdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.