Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
KPMG Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallaryny ynançly dolandyryşa gyzyklanma bildirýär
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri bilen «KPMG Tax and Advisory LLC» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň ýaşaýjylary ähli derejeler boýunça sürüjilik okuwlara çagyrylýar
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi Türkmenistanyň raýatlaryny ähli derejeler boýunça sürüjilik okuwlaryna çagyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi.
Ýanwar-fewral 2023: Türkmenistan-Hytaý ulaglar akaly söwda dolanyşygy 10,1% ýokarlandy
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar akaly özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 1,73 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,1 göterim ýokarydyr. Bu barada Hytaý gümrük gullugynyň çap eden maglumatlarynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.
Çapar goşundysy arkaly indi Türkmenistanyň edaralarynyň belgilerini gözläp bolýar
Çapar goşundysynyň täzelenen görnüşinde Türkmenistanyň edaralarynyň telefon belgilerini gözlemek funksiýasy peýda boldy.
TALAPKÄR HALYPANYŇ ÜŞÜKLI ŞÄGIRDI
Ýusubyň atasy Huddy agadyr kakasy Rozmuhammet aga ömrüniň aglaba bölegini sürüji bolup işläp geçiripdi. Kakasydyr atasynyň işden boş wagtlary halk hojalyk ýükli hem-de ýolagçy gatnadýan ulaglaryň gatnawy, olaryň aýratynlyklary, abatlanylyşy baradaky berýän gürrüňleri heniz orta mekdepde okap ýören Ýusupda gyzyklanma döredýärdi. Ol öz ýanyndan atasy, kakasy ýaly sürüji bolup işlemegi arzuw edýärdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
24-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselä garaldy.
Russiýa Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazarýaka aýlaw ýoluny gurar
Russiýa Federasiýasy maý aýynda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» maslahatynyň çäklerinde Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Marat Husnulliniň sözlerine salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.