Habarlar
Habarlar
164339ceb8bcf4.jpeg
2 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

7-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Asylly däbe görä, milli senenamamyzda orun alan bu sene dünýäde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek işinde halkara jemgyýetçilik bilen raýdaşlygyny görkezýän Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýär.

16425ee7b2412a.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň halkara bäsleşigine ýüz tutmalary kabul etmek dowam edýär

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Bilim ministrligi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramsynyň Merkezi Geňeşi bilen billeikde ýaşlaryň arasynda «Ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler» atly ylmy işleriň halkara bäsleşigini geçirýär.

1643399aaee8f3.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

7-nji aprelde tutuş ýurdumyzda, şol sanda täze Arkadag şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri geçirildi. Olar sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

16425ed06796ea.jpeg
2 ýyl ozal
Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine goşmaçalary girizildi

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2018-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda çykaran 188 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine goşmaçalary girizildi. Bu resminama Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky buýrugyna laýyklykda üýtgedildi. Buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy martynda 1694 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

164339932de471.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

7-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

16425e7ef3ab13.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan ynanç haty esasynda üçünji taraplara sürüjilik şahadatnamasyny bermäge rugsat berýär

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi «Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine» goşmaçalary girizdi.

1642f93f860511.jpeg
2 ýyl ozal
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatyna gatnaşdy

6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

164248e8628fb6.jpeg
2 ýyl ozal
Aşgabatda «Sanly ykdysadyýetiň global tendensiýalary» ady bilen 5 günlük okuw-maslahat geçirilýär

BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen bilelikde «Sanly ykdysadyýetiň global tendensiýalary» ady bilen 5 günlük okuw-maslahat geçirýär.

1642e5f7bf214f.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

164248dadcc2d2.jpeg
2 ýyl ozal
Moskwada «Türkmendemirýollarynyň», Aşgabatda bolsa RŽD-niň wekilhanalary açylar

«Russiýanyň demir ýollary» (RŽD) holdingi Aşgabatda, «Türkmendemirýollary» Agentligi bolsa Moskwada wekilhana açmagy meýilleşdirýär. Bu barada RŽD-niň resmi Telegram kanalynda habar berilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.