Habarlar
Habarlar

BAGTLY DÖWRÜŇ BAGTLY ÝAŞLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi berkitmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmek, giň gözýetimli, durmuşa ukyply, zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi (TULM) Azerbaýjanda resmi wekilhanasyny açar.
Degişli resminama Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň çäginde gol çekilendigi habar berilýär. Azerbaýjanyň «Caspian Logistics Solutions» kompaniýanyň TULM-yň resmi hyzmatdaşy bolup, Azerbaýjanda wekilhananyň hasaba alynmagyny we işlemegini guramak üçin jogapkär bolar diýip, report.az saýtynda habar berilýär.

Okgunly ösüşleriň beýany
Her bir döwletiň ösüşini-özgerişini gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuşy kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynyň 14-nji tomunyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykmagy döwrüň kämil şahsyýetiniň tapgyrlaýyn maksatnamalarynyň beýanydyr.

Raýat awiasiýasynyň kanunçylyk-hukuk binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda hem-de içeri we daşary syýasatda giň gerimli işler dowam edýär. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, howa ulaglary pudagynda hem uly ösüşler, beýik özgertmeler amala aşyrylýar.

Täze gatnaşyklara badalga
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde gadymy ýörelgeleri dikeltmek, baý milli mirasy aýawly saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek we giňden wagyz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

YKLYMLARY BIRLEŞDIRÝÄN GÜÝÇ
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy dürli görnüşlerde netijeli ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

BITARAPLYK — BAGTYÝARLYK BADALGASY
Halkara bitaraplyk güni her ýyl 12-nji dekabrda bellenip geçilýär, bu baýram 12-nji dekabrda bitaraplyk derejesiniň ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredildi. Halkara Bitaraplyk güni ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli we dostlukly gatnaşyklara, dünýädäki iri çaknyşyklaryň öňüni almaga we dartgynly ýagdaýlary basmaga çagyryşdyr.

Türkmenistanyň «Elektron hökümet hakynda» Kanuny güýje girdi
Türkmenistanda 29-njy iýulda «Elektron hökümet hakynda» Kanun güýje girdi. Kanun «Türkmenistan» gazetinde türkmen, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde rus dillerinde çap edildi. Täze Kanun 5 bapdan we 28 maddadan ybaratdyr.

BITARAPLYGA ESASLANÝAN DAŞARY SYÝASATY
Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugy dörediler
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Halkara tejribä laýyklykda, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugyny döretmek baradaky teklibi hödürledi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.