Habarlar
Habarlar
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Merkezi Aziýa-Ýewropa ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy
Türkmen wekiliýeti özara hyzmatdaşlygy giňeltmek we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalary ýokarlandyrmak maksady bilen anna güni Baku halkara deňiz söwda portuna bardy. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan arap ýurtlary bilen ulag, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Jidda şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki sammitde eden çykyşynda ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.
Türkmenbaşy porty ýükleri gümrük paçsyz saklamak hyzmatyny hödürleýär
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty dürli ýükleri we harytlary, hasaba almazdan we gümrük paçlaryny töletmezden, 3 ýyla çenli saklamak hyzmatyny hödürleýär. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi sebitara durnukly ulag meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Belgiýa Patyşalygynda Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag gatnaşyklaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen birlikde Türkmenistanyň ilçisi, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissiýasynyň Baş müdiriýetiniň sebitleýin direktory Peteris Ustubus gatnaşdy.
Dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada uçuş biletleri onlaýn-satuwa çykaryldy
«Türkmenistan» uçar kompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinden Aşgabada uçuşlara biletleriň onlaýn-satuwa çykarylandygyny ýatlatdy. Degişli bildiriş kompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy.
«Türkmendeňizderýaýollarynda» ýükleri gümrük pajyny tölemezden saklamak mümkinçiligi barada ýatlatdylar
Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty ýükleri ýörite gümrük düzgüninde gümrük paçlaryny tölemezden saklamaga ygtyýarnama eýedir. Bu baradaky ýatlatmany şu gün «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýty çap etdi.
Sürüjiler bugdaý hasylyny tiz we yrýasyz ýygnalmagyna goşant goşýarlar
Gallaçy kärendeçileriň azap siňdirip ýetişdiren bereketli bugdaý hasylyny tiz we yrýasyz ýygnap, galla kabul ediş nokatlaryna daşamakda «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň öz kärine ussat sürüjileri gaýratly zähmet çekýärler.
Söwda toplumynyň işini kämilleşdirmegiň baş maksady halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmakdyr
Türkmenistanda söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
“Türkmenhowaýollary” uçarlaryň onlaýn bilet satuwyny ýola goýdy
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara ýolagçy gatnawlaryň onlaýn bilet satuwyny ýola goýandygy barada habar berilýär.
Giň gerimli gurluşyklar — Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine garaldy. Gazanylan netijeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň we onuň ileri tutulýan ähli ugurlarynda yzygiderli öňegidişlikleriň nobatdaky subutnamasydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.