Habarlar
Habarlar
16433b41fb2c15.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gynanç hatlar

Siziň eneňiziň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Siziň Alyhezretiňize, Siziň maşgalaňyza we Türkmenistanyň dostlukly halkyna bu agyr ýitgi zerarly çuňňur gynanjymy hem-de duýgudaşlygymy beýan edýärin.

16429d819e4e10.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň ulag mümkinçiligini we maýa goýumyny maý aýynda geçiriljek halkara maslahatynda ara alyp maslahatlaşarlar

3-4-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar Agentligi we «Turkmen forum» kompaniýasy tarapyndan gurnalýan halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde halkara ýük daşamalarynyň we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar.

164363d1e52d41.jpeg
2 ýyl ozal
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegi täze taryhy eýýamyň maksadydyr

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeler strategiýasynyň esasy ugurlary — Watanymyzyň demokratik we hukuk binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi hem-de halkymyzyň abadan durmuşy baradaky aladalar öz beýanyny tapdy.

16429d6d9a8e02.jpeg
2 ýyl ozal
Gazagystan Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşmalara arzanladyş girizer

RŽD şu ýylyň birinji çärýeginde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalaryň mukdarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse artmagyna garaşýar.

164363327bc5b4.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

11-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

16429d47d9beb7.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy tomusky tertibe geçýär

Howa gatnawçysynyň resmi web sahypasynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň tomusky tertibe geçendigi barada habar berildi.

16429d31102828.jpeg
2 ýyl ozal
«Halkara Awtomenzil — Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy

1-nji aprelden başlap Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ-i tarapyndan «Halkara Awtomenzil — Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy. Gatnawlar hepdäniň her güni Halkara awtomenzilden sagat 08:00-da, Hazar şäherinden sagat 10:00-da ugraýar.

16433a5dd072f6.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

16433c107daf1c.jpeg
2 ýyl ozal
Ogulabat Berdimuhamedowa (1937 – 2023)

Mukaddes Remezan aýynda Milli Liderimiziň – Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habary tutuş türkmen halky uly gynanç bilen kabul etdi.

16425ef2588893.jpeg
2 ýyl ozal
«Demirýollary» we «TULM» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň wekilleri Minsk şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar

30-njy martda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 10 wekilinden ybarat topar Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde «Demir ýol logistikasy: Ösüşiň möhüm ugurlary» ady bilen geçirilen halkara maslahata gatnaşdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.