Habarlar
Habarlar
ÖZBEK-GYZRGYZ DEMIR ÝOL HYZMATDAŞLYGY
Gyrgyzystanda “Kyrgyz temir žolu” kompaniýasynyň başlygy Wasiliý Daşkow bilen “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýeti dolandyrmasynyň ýolbaşçysy Husnitdin Hasilowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
«ALTYN ASYR» MOBIL OPERATORY «ORAZA» HYZMATYNY HÖDÜRLEÝÄR
«Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz müşderilerine, Oraza aýy mynasybetli ýörite hyzmaty hödürleýär.
GÄMI ABATLAÝYŞ ZAWODY
Hazar deňziniň Türkmenistana degişli bolan gündogar kenarynda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň golaýynda ýerleşen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň AGPJ-de soňky ýyllarda has-da netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda zawodda ençeme ýük we ýolagçy gämileri abatlanylyp, ulanyşa goýberilýär. Zawodyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi sebäpli bu ýerde işler has-da ilerledi.
SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEKDÄKI WEZIPELERI
Maglumatlaryň jemgyýetde tutýan orny şu günki günde has-da ýokary göterilýär, bu bolsa öz gezeginde adamlaryň oňa bolan garaýşynyň kämilleşmegini talap edýär. Ol talaplary ýerine ýetirmek, informasiýa akymlarynyň howpsyzlygyny üpjün etmek we innowasion infokommunikasiýalary önümçilige ornaşdyrmak aragatnaşyk ulgamynyň paýyna düşýär.
TÜRKMENISTANLYLAR WATANYNA DOLANDY
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy nobat boýunça 9-njy çarter gatnawyny gurady. Bu gatnaw bilen Russiýanyň “S7” awiakompaniýasyna degişli uçaryň göwresinde 176 rus raýaty öz Watanyna gitdi.
MAÝA GOÝUM FORUMY – NETIJELI HYZMATDAŞLYGA GIŇ ÝOL
Hususy işewürligiň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň yzygiderli we maksada okgunly durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady ugrunyň netijesidir. Ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitleri we abadançylygy şol syýasatyň özenini düzýär. Kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri giň möçberli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýarlar, möhüm pudaklarda eýeleýän ornuny yzygiderli berkidýärler.
ULAGLAR ULGAMYNYŇ MÖHÜM UGRY
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça işlenilip taýýarlanylan «2012–2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasy» täzeçil tehnologiýalaryň öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirlenmeleriň we öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagyny nazarlaýar. Bu maksatnama laýyklykda, paýtagtymyzda we welaýatlarda täze howa menzilleri guruldy we ozal bar bolanlary döwrebaplaşdyryldy.
demir ýol ulgamynda Innowasion çözgüt
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ulag we kommunikasiýa toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, maglumat-aragatnaşyk serişdelerini kämilleşdirmek, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir.
Dünýä ykdysadyýetine uly täsirini ýetirýän dykyn
23-nji martda Sues kanalynda bolan güýçli ýel zerarly «Ever Given» konteýner daşaýjy ýük gämisiniň dykylyp galmagy bilen uly dykyn emele geldi. Maglumat berlişine görä, şol wagt gäminiň bortunda müsürli uçarmanlar we gäminiň 25 adamdan ybarat bolan ekipažy bardy. Häzir dykyn sebäpli 150-ä golaý tanker we beýleki ulaglar saklanyp durlar.
«AKYLLY ŞÄHER» — DÖWREBAPLYGYŇ NUSGASY
Ýurdumyzyň ähli künjekleriniň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny häzirki gurulýan binalardyr desgalar, ýaşaýyş jaýlary has aýdyň şöhlelendirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýörelgelerinden ugur alnyp, paýtagtymyzda, şeýle-de welaýat merkezlerinde we etraplarda häzirki zaman aýratynlyklary bilen tapawutlanýan binalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, olarda döwrebap telekommunikasiýa enjamlary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.