Habarlar
Habarlar

Казахстан рассматривает возможность создания внешних терминальных сетей в портах Азербайджана
Казахстан рассматривает возможность создания внешних терминальных сетей в портах Ирана, Азербайджана, Грузии и Турции.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Stambul ugry boýunça gatnawlaryny artdyrýar
Soňky döwürde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ýörite uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli artýar. Bir tarapdan “Türkmenistan” awiakompaniýasy, beýleki tarapdan “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan-Tükriýe ugry boýunça ýorite gatnawlary ýerine ýetirip gelýär.

Astrahan portunda Türkmenistanyň logistika merkezini ösdürmek meselesine garaldy
Ýurduň ulag toplumyna wekilçilik edýän türkmen delegasiýasy Astrahan sebitine iş saparynyň çäginde Limanskiý etrabynyň Olýa obasynda döredilýän portuň ýörite ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm nokatlarynyň biri bolar we şu ýerde Türkmenistanyň logistika merkezi döredilip, ol Olýa-Türkmenbaşy aralygynda yzygiderli awtoulag parom aragatnaşygynyň esasyny düzer.

Astrahanda türkmen wekiliýeti Olýa-Türkmenbaşy parom ugrunyň açylmagyny ara alyp maslahatlaşdy
26-njy awgustda Türkmenistanyň ulag toplumynyň wekiliýeti Astrahan oblastyna işewürlik saparynyň dowamynda logistika, ulag, söwda we gämi gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumynda wezipelere çemeleşmeler seljerildi
23-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň umumy mejlisinde geçen hepde Awazada “Aşgabat prosesi” boýunça beýan edilen çözgütler bilen baglylykda, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

AUHB halkara ýük gatnawlarynda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär
Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (AUHB) halkara ulag ýük gatnawlary babatda Türkmenistan bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarýar diýip, «Trend» habarlar agentliginiň sahypalarynda AUHB salgylanyp habar berilýär.

«Turkish Airlines» sentýabr aýynda Türkmenistana 9 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar
«Turkish Airlines» şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat bilen Stambulyň arasynda 9 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Uçuşlar hepdede iki gezek - her duşenbe we anna günleri amala aşyrylar.

IOS üçin "AŞTU" ykjam programmasynda "Rysgal" bank karty arkaly onlaýn töleg elýeterli boldy
"AŞTU" - nyň abonentleri "Rysgal" bankyň kartlarynyň üsti bilen, iOS programmasy arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryny tölemäge mümkinçilik aldylar.

«Rusdemirýollarynyň» wekilleri Türkmenistanda saparda bolarlar
Ýakyn günlerde rus wekiliýetleriniň Türkmenistana saparlary meýilleşdirilýär. Şol sanda Russiýanyň demir ýollarynyň başlygy Oleg Belozerowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem saparynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Aşgabatdaky Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde aýtdy diýip, «RZD-partner.ru» habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri Astrahana bararlar
Şu hepde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astrahana barar. Saparyň dowamynda ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkowa salgylanyp, «bloknot-astrakhan.ru» habar berdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.