Habarlar
Habarlar

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde söhbetdeşlik çäresi geçirildi
2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

Elektron infrastrukturanyň üstünlikleri milli ykdysadyýetimiziň özgeriş açarydyr
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar arkaly milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmagyň ösüşi gazanylýar.

Türkmenistana özbek traktor tirkegleriniň täze tapgyry getirildi
«Daşkent Agro Traktor» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilen 270 sany täze traktor tirkegleri Türkmenistana getirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanda halkara howa gatnawlarynyň ugurlary we sany köpeler
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe halkara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada görkezme berdi.

Вырос объем транзитных перевозок грузов из Германии через Казахстан
Объем транзитных перевозок грузов из Германии через территорию Казахстана увеличился на 47% и составил 2,3 тыс. тонн в первом полугодии текущего года. Oб этом стало известно в ходе встречи министра индустрии и инфраструктурного развития Казахстана Каирбека Ускенбаева с директором Департамента внешнеэкономической политики Федерального министерства экономики и защиты климата ФРГ Домиником Шнихельсом.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň durnukly ösüşi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem durnukly ösüş gazanylýar.

Азербайджан, Россия и Иран намерены построить единую железнодорожную сеть
Об этом сказал в пятницу вице-премьер России Александр Новак в ходе мероприятия, посвященного перспективам развития транспортного коридора Север-Юг. "Рабочая группа по развитию международного коридора Север-Юг была создана главами наших стран и его развитие очень важно для трёхстороннего сотрудничества. В ходе переговоров президентов Азербайджана и России стороны выразили готовность обсудить вопросы развития Решт-Астара, а также Север-Юг", - сказал он.

«Hakyda göwheri» – geçmişe syýahat
Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň soňky günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby çapdan çykdy. Bu hoş habar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär.

Türkmenistan bilen Özbegistan ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürýär
Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary 7-nji sentýabrda Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwdany ýakyn wagtda 2 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag-üstaşyr gatnaşyklaryny berkidýär
Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginde türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň azerbaýjan tarapyndan ýolbaşçysy, ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bilen duşuşdy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.