Habarlar
Habarlar

Türkmenistanyň 4 welaýatynda döwrebap ýolagçy awtomenzilleri açylar
17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Генеральный агент авиакомпании «Туркменистан» в РФ разъяснил процедуру возврата авиабилетов
Генеральный агент авиакомпании «Туркменистан» в России на своём официальном сайте разъяснил процедуру возврата авиабилетов.
ÝOL SÖZI BARADA

“Türkhowaýollary” oktýabr aýynda Türkmenistana 14 ýörite gatnawy amala aşyrmakçy
Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, kompaniýanyň oktýabr aýynda amala aşyrmagy meýilleşdirýän Türkmenistan ugurly ýörite gatnawlary barada maglumatlary ýetirýäris. Awiakompaniýadan bize gelip gowşan habara görä, oktýabr aýynda 14 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna ynamly gadamlar
Türkmenistan Merkezi Aziýa, Hazar sebitlerinde we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine netijeli täsir edýän möhüm ähmiýetli başlangyçlar, teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar.

Üstaşyr geçýän ýükleri daşamakda alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberleri bellenildi
Awtoulag serişdeleri arkaly eksport-import edilýän we üstaşyr geçýän ýükleri daşamakda amatly we bäsdeşlige ukyply şertleri döredilýär

«Hakyda göwheri» - milli buýsanjyň gözbaşy
Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar.

Türkmenistan we BAE port düzümini ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder
Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Abu Dhabi Ports toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär.

Daşoguzda ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşygy jemleýji tapgyrda alnyp barylýar
Daşoguz şäherinde gurulýan täze ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşyk işleri jemleýji tapgyra gadam basýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň sahypalarynda habar berilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.