Habarlar
Habarlar
Russiýanyň barlag nokatlarynyň 3-sine elektron nobat ulgamy işe girizildi
1-nji sentýabrdan Russiýa Federasiýasy döwlet serhedindäki üç sany barlag nokadynda ýük ulaglarynyň ýurda girmek üçin senesini we wagtyny mugt elektron öňünden nobata durmagyň sanly ulgamyny işe girizdi. Bu barada Rosgranstroýyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işlere garaldy.
Ýeňil awtoulaglaryň rallisine gatnaşyjylar Türkmenistana geldiler
“Dunaýdan Orhuna çenli Ýüpek ýoly” ýeňil awtoulaglaryň ilkinji rallisine gatnaşyjylar Tükmenistana geldiler. Olary ýurduň resmi adamlary garşyladylar we paýtagtymyzyň gözel ýerlerine aýlandylar.
“Emirates” awiakompaniýasy köp dil bilýän robotlary işe girizýär
“Emirates” awiakompaniýasy Dubaý şäheriniň howa menzilinde ýolagçylary hasaba almak işini çaltlandyrmak üçin 200 sany “köp dil bilýän” robotlary işe girizmegi meýilleşdirýär. Bällnişi ýaly, Dubaýyň Halkara howa menzili dünýäniň iň köp gelim-gidimli aeroportlarynyň biridir.
Arkadag şäherinde aragatnaşyk hyzmatlary sanly çözgütler esasynda doly güýjünde işleýär
Täze «akylly» we «ýaşyl» şäher - Arkadag şäheri dürli maksatly binalar toplumy bilen tutuşlygyna häzirki zaman kämil tehnologiýalary we sanly çözgütleri özünde jemleýär.
Logistika ulgamy ösüşleriň täze belentliklerine tarap
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ulag ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek hakyndaky yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Munuň özi parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.
Türkmenbaşy şäherinde aragatnaşyk merkeziniň täze edara binasy gurlar
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde aragatnaşyk merkeziniň täze edara binasyny gurar.
Türkmenistan we Gruziýa halkara awtomobil ýük daşamalaryny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabat şäherinde halkara awtomobil ýük daşamalary boýunça türkmen-gruzin bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmämmedowyň gruzin tarapyndan dostlukly döwletiň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Gury ýer ulaglary agentliginiň başlygy Lewan Gamkrelidzeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar.
Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi
Düýn Türkmenistanda badalga alýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurduň ministrlikleri, pudak edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyp, anyk wezipeler kesgitlendi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.