Habarlar
Habarlar
Türkmenabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen harytlar bilen üpjün etmek boýunça açyk bäsleşik yglan edýär
Hormatly Prezidentimiz YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi.
Türkmenistana gelýän, onuň çäklerinden üstaşyr geçýän ýük awtoulag tirkegleri hem-de ýarym tirkegler üçin ýygymlar we tölegler bellendi
Bu barada 2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
«Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady
9-10-njy noýabrda Aşgabatda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty birinji iş gününe başlady.
Häzirki tehnologiýalar döwri 5G usulyna gadam basmaga taýýarlyk görýär
2023-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Mobil aragatnaşyk torlarynyň täze nesliniň (IMT-2020/5G) işe girizilmegi» atly okuw sapagy geçirilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
Sizi ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde, öňdebaryjy täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi.
Paýtagtymyzda aragatnaşyk boýunça GDA azga ýurtlarynyň maslahaty geçirildi
8-nji noýabrda paýtagtymyzyň Arçabil myhmanhanasynda GDA azga ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy we sebit arkalaşygynyň çäginde maglumat boýunça gatnaşyjy döwletleriniň utgaşdyryjy maslahatynyň 29-njy bilelikdäki geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherini ösdürmegiň täze ugurlary bilen tanyşdy
16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.