Habarlar
Habarlar
164f2d7342a85d.jpeg
2 ýyl ozal
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýene biri geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

164f173bed4b3d.jpeg
2 ýyl ozal
Arkadag şäherinde hereket edýän şäheriçi elektrobuslaryň gatnaw tertibi

Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň sanynyň barha artmagy hem-de täze okuw möwsüminiň başlanmagy ýollarda hereketiň artmagyna getirýär. Bu ugurda raýatlara rahat, howpsuz, medeniýetli hyzmat etmek üçin «Türkmenawtoulaglary» agentligi maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar. Biz hem Arkadag şäherinde hereket edýän döwrebap şäheriçi elektrobuslaryň hereketleri bilen tanyş etmegi makul bildik.

164f16e6fdacde.jpeg
2 ýyl ozal
Ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ýük dolanyşygy ýarym milliard tonna kilometrden geçdi

2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ýük dolanyşygy 541 million 245 müň tonna kilometre deň bolup, bu babatdaky meýilnama 223,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 125,7 göterim köpdür diýip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär.

164f169d3e953f.jpeg
2 ýyl ozal
AGPJ «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

164f2d64abe410.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy

1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy.

164f01b219e228.jpeg
2 ýyl ozal
Ulag-logistika kompaniýalary türki döwletleriň halkara forumyna çagyrylýar

Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalary, degişli döwlet edaralary we gulluklary 13-14-nji sentýabrda Stambul şäherinde geçiriljek multimodal daşamalar we logistika boýunça halkara foruma gatnaşmaga çagyrylýar. Ol Türki döwletleriň guramasynyň Sekretariaty tarapyndan guralýar.

164f2d59f2b553.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy.

164f01a419fac8.jpeg
2 ýyl ozal
Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edara binasynda boldy. Oňa «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky we Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Gury ýer ulaglary agentliginiň başlygy Lewan Gamkrelidzeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar.

164f2d51bb83eb.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada umumy sapak geçdi

1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi.

164f0184fc3906.jpeg
2 ýyl ozal
Aşgabatda täze awtomobil köprüsi gurlar

Aşgabat şäheriniň demirgazyk – günbatarynda G.Kulyýew bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyna barýan ýoluň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsi gurlar. Bu boýunça Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigini yglan etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.