Habarlar
Habarlar

TALYPLAR GÖÇME OKUW-ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINDE
Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň geljegi bolan ýaş nesle kämil bilim-terbiýe berilmegine aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleriň kämil terbiýeli şahsyýetler, işine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri babatynda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň hemmesi ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna we terbiýelenmegine esas bolup durýar.

«Onlaýn taksi» mobil goşundysyna dil saýlamak mümkinçiligi girizildi
«Onlaýn taksi» mobil goşundysynyň işläp düzüjileri onuň Android ulgamy üçin niýetlenen görnüşine käbir täzelenmeleri girizdiler.

Poçta çaparçylyk hyzmaty has-da elýeter edildi
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy salgydan-salga gowşurmak hyzmatynyň nyrhyny 1-nji martdan peselendigini habar berýär.

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNA GÖNÜKDIRILEN ÇÄRELER
“Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi ata Watanymyz Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi.

MYNASYP DALAŞGÄRE SES BERERIS
Mälim bolşy ýaly, şu gün 12-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär. Ol hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasat ynyň, alyp barýan beýik işleriniň, Garaşsyz Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüş-özgerişleriniň dowamaty hökmünde taryha girer.

DOWAMAT DOWAM BOLSUN
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda her bir saýlawçynyň öz mynasyp gören dalaşgärine seslerini bermegi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» özboluşly badalgasydyr. Erkana Watanymyzyň täze taryhynda möhüm sahypany açýan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikleri hakynda gürrüň etmek diýseň ýakymly.

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI DABARALANÝAR
Bütindünýä saglyk gününiň ýurdumyzyň baýramçylyk senenamasyna ilkinji sapar 2008-nji ýylyň ýanwarynda girizilmegi hut şondan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzda uly dabaralara beslenilip geçirilmegi saglygy goraýyşda halkara hyzmatdaşlygynyň esas goýujy subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar gününde ulag we aragatnaşyk hyzmatlary ýokary hilli üpjün edilýär
Saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň resmi web saýtynda onlaýn usulda görkezilýär. Göni ýaýlymyň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan saýlaw uçastoklaryna optiki-süýümli kabel çekilip, web-kameralar gurnaldy.

TULM: Eýranyň Inçeburun stansiýasyndan Hytaýa ilkinji konteýner otly ýola çykdy
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine anna güni beren maglumatlaryna görä, Inçeburunda gips ýükli 42 sany 40 futluk konteýner türkmen demir ýol wagonlaryna ýüklendi. Eýran-Türkmenistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça otly sişenbe güni ýola düşdi.

АТОР анонсирует возобновление рейсов Москва-Ашхабад
Регулярные рейсы Москва-Ашхабад будут доступны с 27 марта, следует из сообщения Ассоциации туроператоров России, которая назвала на своем сайте страны, куда россияне смогут направиться без пересадок в марте.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.